San­ly ul­ga­myň dur­mu­şy­my­za or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len öňü­miz­dä­ki bäş ýy­lyň do­wa­myn­da hü­när­men­le­riň 50 gö­te­ri­mi işe bo­lan ukyp­la­ry­ny tä­ze­den göz­den ge­çir­me­li bo­lar­lar. Bü­tin­dün­ýä yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň «Ge­le­je­giň iş­le­ri» at­ly üçün­ji ha­sa­ba­tyn­da bu ba­ra­da anyk mag­lu­mat­lar be­ril­ýär.
San­ly ul­gam kä­bir hü­när­le­riň ze­rur­ly­gy­ny azalt­mak bi­len bir ha­tar­da tä­ze hü­när­le­ri dö­ret­me­giň aça­ry bo­lup hyz­mat ed­ýär, şeý­le hem bu ýag­daý tä­ze ba­şar­nyk­la­ry öw­ren­me­gi­mi­ze, hem kö­mek edip bi­ler.
Fo­ru­myň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2025-nji ýy­la çen­li zäh­me­tiň ug­ru­nyň san­ly ul­ga­ma ta­rap üýt­ge­me­gi bi­len 85 mil­li­on iş or­nu­nyň ýok bol­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, en­jam­la­ryň, al­go­rit­ma­la­ryň we yn­san güý­jü­niň ara­syn­da ut­gaş­dy­ry­lan iş pa­ýy 97 mil­li­on tä­ze iş or­nu­ny dö­re­dip bi­ler.
2025-nji ýyl­da esa­sy ze­rur­lyk du­ýul­jak hü­när­le­riň ara­sy­na mag­lu­mat bi­len iş­le­ýän yl­my iş­gär­ler, eme­li ze­hin bo­ýun­ça hü­när­men­ler, san­ly mar­ke­ting we mu­nuň stra­te­gi­ýa­sy bo­ýun­ça hü­när­men­ler, aw­to­mat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hü­när­men­ler, hu­su­sy te­le­ke­çi­lik ug­run­dan iş­le­jek bi­ler­men­ler gir­ýär.
Esa­sy 10 ba­şar­nyk
Teh­no­lo­gi­ýa­nyň dur­mu­şy­my­za has iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len ze­rur­lyk du­ýul­jak başarnyklaryň hem üýt­ge­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Öňü­miz­dä­ki bäş ýyl­da şol bir we­zi­pe­de iş­le­ri­ni do­wam et­dir­mek is­le­ýän­ler ba­şar­nyk­la­ry­nyň 40 gö­te­ri­mi­ni tä­ze­le­me­li bo­lar­lar.
Iş bi­len üp­jün edi­ji­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, tä­ze başarnyklara bo­lan ta­lap 2025-nji ýy­la çen­li has hem ýo­kar­la­nar. Bu ta­lap fo­ru­myň 2016-njy ýyl­da çy­ka­ran il­kin­ji ha­sa­ba­tyn­dan bä­ri ýo­kar­la­nyp gel­ýär.
Soň­ky ha­sa­ba­ta ba­şar­nyk­la­ryň tä­ze­le­ri hem go­şul­dy: iş­jeň öw­ren­mek, çy­dam­ly­lyk, stres­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak we ma­ýyş­gak­lyk.
2025-nji ýyl­da işe gir­mek is­le­ýän­ler­den
ta­lap edil­jek esa­sy 10 ba­şar­nyk şu­lar­dyr:
1. Ana­li­tik pi­kir­len­mek uky­by we in­no­wa­si­ýa açyk bol­mak.
2. Yzy­gi­der­li öw­ren­me­gi ba­şar­mak.
3. Çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek.
4. Tan­ky­dy pi­kir­len­mek we sel­jer­me uky­by.
5. Dö­re­di­ji­lik, özü­ne mah­sus­lyk we tä­ze baş­lan­gyç­la­ry tek­lip et­me­gi ba­şar­mak.
6. Li­der­lik we tä­sir edi­ji­lik.
7. Teh­no­lo­gi­ýa­ny ulan­ma­gy ba­şar­mak, do­lan­dyr­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek.
8. Teh­no­lo­gi­ýa di­zaý­ny we prog­ram­ma ýaz­mak.
9. Çy­dam­ly­lyk, stres­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak we ma­ýyş­gak­lyk.
10. Se­bäp­le­ri ýü­ze çy­kar­mak, me­se­le çöz­mek we pi­kir dö­ret­mek.
Tä­ze ba­şar­ny­gy öw­ren­mek wagt we se­riş­de ta­lap ed­ýär. Ha­sa­ba­ta gö­rä, köp­çü­lik bi­len iş­leş­ýän, me­de­ni­ýet, ýa­zuw, sa­tyş we mar­ke­ting ugur­la­ryn­da iş­le­ýän hü­när­men­ler üçin ýo­ka­r­da ag­za­lan ba­şar­nyk­la­ry öw­ren­mek üçin 1-2 aý wagt ge­rek bo­lar. Bu wagt ara­ly­gy mag­lu­mat we eme­li aň ug­run­dan iş­le­ýän hü­när­men­ler­de 2-3 aýa, «bu­lut» teh­no­lo­gi­ýa­syn­da iş­le­ýän hü­när­men­ler­de we in­že­ner­ler­de dört aýa çen­li uzap bil­ýär.