Şu gün ýurdumyzyň tutuş ilatynyň gatnaşmagyndaky ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, häzirki wagtda bu ugurda zerur işler alnyp barylýar. Eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, şu ýylda ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallaryny ekmek göz öňünde tutulýar.
Her ýyl ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilip, millionlarça agaç nahallary oturdylýar. Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylyň güýzki möwsüminde ýene-de saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzüm nahallarynyň 15 million düýbüni ekmek barada degişli teklipler işlenip taýýarlanyldy.
Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede ýurdumyzda toplumlaýyn uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag kommunikasiýalarynyň okgunly ösýändigi, şäherleriň çäkleriniň giňelýändigi hem-de täze ilatly ýerleriň peýda bolýandygy bilen baglylykda, ýaşyl zolaklary hem-de tokaýlyklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn bag ekmek çäreleriniň netijesinde ýurdumyzda giň tokaý zolaklary emele geldi. Her ýyl ýurdumyzda saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleri ekilýär. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda global derejede ähmiýetli bolan tebigaty aýawly saklamak, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, biodürlüligi goramak, çölleşmä, gür tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, howanyň hapalanmagyny azaltmak ýaly giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasatynyň netijesinde, şäherdir obalaryň töwerekleri gür baglyga öwrülýär. Munuň özi howanyň düzüminiň arassa bolmagyna, ilatly ýerlerde howanyň ýylylygynyň kadaly bolmagyna mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde adam eli bilen döredilen tokaýlyklaryň, baglaryň çägi barha giňeýär. Tebigatyň ajaýyp künjegine öwrülen bu ýerler adam saglygy üçin oňaýy şert döredýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy bilen durmuşa geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralarynyň netijesinde kemala gelýän ýaşyl zolaklar türkmen tebigatynyň gözelligini has-da gözelleşdirýär.
Gaýgysyz Öwezgeldiýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň dekany.