2001-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda “Apple” kompaniýasy ilkinji “iPod” atly ýanyňda göterip bolýan sanly saz enjamyny tanyşdyrdy. Bu täzelik saz diňlemek usullarynyň ösmeginde möhüm waka boldy. Şol döwürde adamlar ýolda barýarkalar ses kassetaly “walkman” ýa-da “CD pleýer” bilen saz diňleýärdiler. “iPod” bolsa has köp aýdymy ýa-da sazy has kiçi we ýeňiljek enjamda jemläp, olary islendik ýerde diňlemäge şert döretdi. Kompaniýanyň şol wagtky ýolbaşçysy Stiw Jobs enjamy «Jübiňizde 1000 aýdym» diýen şygar bilen köpçülige hödürledi. Bu sözler täze tehnologiýanyň esasy artykmaçlygyny aýdyň görkezýärdi.
Ilkinji iPod-yň aýratynlygy onuň kiçi göwrümine garamazdan, köp sanly aýdym saklap bilmegidi. Enjam 5 gigabaýtlyk ýat diski bilen üpjün edilip, takmynan 1000 aýdymy özünde saklap bilýärdi. Onuň agramy 185 gram töweregidi, batareýasy bolsa doly zarýad bilen 10 sagada çenli saz diňlemäge mümkinçilik berýärdi. Şeýle-de, aýdymlary saýlamak we olaryň arasynda geçmek üçin ýörite aýlawly dolandyryş tigirçegi ulanylypdyr. Ilkinji model diňe “Mac” kompýuterleri bilen utgaşykly işleýärdi. Aýdymlary enjama geçirmek üçin bolsa “iTunes” programmasyndan peýdalanylýardy.
Enjam 2001-nji ýylyň 10-njy noýabrynda satuwa çykaryldy we ilkinji bahasy 399 amerikan dollary boldy. Bahasynyň ýokary bolmagy hem-de diňe “Mac” kompýuterlerinde ulanylmagy käbir alyjylaryň göwnünden turmasa-da, “iPod”-yň amatlylygy we köp aýdym saklamak mümkinçiligi onuň meşhurlygynyň artmagyna ýardam berdi. Wagtyň geçmegi bilen “Apple” kompaniýasy enjamyň täze görnüşlerini öndürdi. 2003-nji ýylda işe girizilen “iTunes Music Store” bolsa ulanyjylara sanly aýdymlary satyn almak üçin täze mümkinçilikleri döretdi. “iPod” we onuň bilen baglanyşykly hyzmatlar saz pudagynyň ösüşine, aýdymlaryň ýaýradylmagyna hem-de adamlaryň saz diňlemek endiklerine täsir etdi.
Ilkinji “iPod”-yň tanyşdyrylmagy elektron tehnologiýalarynyň taryhynda möhüm öwrülişikleriň biri hasaplanýar. Bu enjam adamlara uly saz ýygyndysyny öz ýanlarynda götermäge mümkinçilik bermek bilen, gündelik durmuşda sanly enjamlaryň ornuny has-da güýçlendirdi. Soňra smartfonlaryň we internet arkaly saz diňletmek hyzmatlarynyň giňden ýaýramagy bilen “iPod”-yň ähmiýeti öňküsi ýaly bolmasa-da, onuň tehnologiýanyň ösüşine goşan goşandy taryhy ähmiýetini saklaýar.

Mähri Gurbanowa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.