Adam üçin öwrenmegiň iň täsirli usuly okamakdyr. Ýaşamak üçin köp zatlary öwrenmeli ýöne üstünlige ýetmek üçin bolsa kitap okamalydyr. Kitap okamak arkaly adamlar bilimlerini we medeniýetini ösdürmäge uly mümkinçilik alýarlar. Kitaplar adamlara uly täsir edýär we okalýan her täze kitap adamlara gözýetimlerini giňeltmäge, umumy medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmaga we adamlar bilen sagdyn aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Okamak, öwrenmek adamyň gymmatlygyna gymmatlyk goşýar. Okamak iňňe bilen guýy gazan ýalydyr, sabyrly bolmagy, hemme meselede dogry karar bermegi öwredýär. Ylym tükeniksiz ummandyr. Taryhy geçmişimizden bilşimiz ýaly, dünýäniň ähli halklary hem kitaba uly sarpa goýup, ony durmuşyň bezegi, ýaşaýşyň manysy hasaplapdyrlar. XV asyrda ýaşap geçen edebiýatyň görnükli wekilleriniň biri Ahmet Wepaýynyň «Rownak yl-yslam» atly eserinde bir baý çarwa aýalyň haýyşy bilen ýazypdyr. Kitap ýazylyp gutarandan soň, ol aýal Wepaýa kyrk sany köşekli düýe peşgeş beripdir. Ata-babalarymyzyň arasynda hem sowatly, kitaphon adamlar, danalar, akyldarlar kän bolupdyr. Ine, şeýle adamlar hem halk arasynda bolup, köne ýazuwda bolan kitaplary köpçülige okap beripdirler, adamlaryň dynç alyş wagtlaryny gowy guramaklyga ýardam beripdirler. Sada, daýhan, çarwa adamlaryň arasynda-da, özi okap bilmese-de, kitaby söýýän kitaphon adamlar bolupdyr.

Muňa türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň gahrymany Welmyrat aganyň obrazy arkaly hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kitap okap bilmeýän Welmyrat aga bir üýşmeleňde beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny diňläp, kitabyň eýesine ýalbaryp, işigindäki guba düýesi bilen şol ajaýyp kitaby çalyşýar. Emma kitaby okap, halka hezil beren sowatly adam gaýdansoň, kitaby okap bilýän adamyň bu obada ýokdugy Welmyrat aganyň ýadyna düşýär. Emma Welmyrat aga gynanmaýar, çagalarynyň ýetişip, sowatly bolup, kitaby okap berjekdigine ynanýar. Okap bilmese-de, ol kitaby gymmatly baýlyk, hazyna hökmünde aýawly saklaýar. Çünki ýaşuly durmuşyň, ýaşaýşyň manysyny şol kitapda görýär. Ol entek şeýle ajaýyp şygyrlary diňläp görmän eken. Ahyry onuň uly ynam bilen garaşan günleri hem gelip ýetýär, Welmyrat aganyň guba düýe berip alan kitaby göçürilip alnyp, neşir edilip, ähli halka elýeterli edilýär. Indi kitaby okuwa gatnap başlan çagalar hem okap bilýär. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dürli dillerde terjime edilip, dünýä halklary tarapyndan hem söýlüp okalýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden islän zadyňy bilmek, islän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen şahyrlarynyň köpüsiniň halypasydyr. Ol öz döwürdeşlerine uly täsir edipdir. Bu täsir ylaýta-da Zeliliniň, serkerde şahyr Seýdiniň, Keminäniň, Mollanepesiň döredijiliginde görünýär. Bu şahyrlaryň döredijiligi mekdep meýilnamasyna hem girizildi.

Kitap okamak bilen dünýä has köp düşünmäge kömek edýär. Öz bilimiňi ösdürmek okamakdan başlaýar, okamak arkaly gowy düşünjeler we geljekde has gowy kararlar alnyp bilinýär. Dünýägaraýşyňyzy giňeltmek üçin kitap okamak bilen adamlar başga ýurtlara, döwürlere, başga bir dünýä syýahat edip şol ýerleriň däp-dessurlaryna, medeniýetlerine, ynançlaryna we şol döwürde ýaşap geçen adamlaryň pikirlerine, dünýägaraýyşlaryna göz ýetirýärler. Umuman aýdylanda kitaplar ynsanyň dünýägaraýşyny giňeldýär. Adam bir kitaby okandan soň, öňkülerden has akylly hereket etmäge başlaýar, başgalarynyň sözüne aldanmaýar, her bir zada ünsli çemeleşmäge başlaýar.

Maglumatlara görä, adamynyň beýnisi bedenine bap gelmeli, şeýle bolan ýagdaýda beden gitdigiçe ýigdelýär, çünki kitap okalanda beýni yzygiderli işläp durýar. Diýmek, kitap okamagyň adam bedenine täsiri güýçli. Kitaby köp okamak bilen akylyň, beýniň üçin ruhy iýmit toplaýarsyň. Kitap wagtyňy hoş geçirmegiň, peýdaly ulanmagyň hem esasy serişdesidir. Kitap her bir zamanda-da halkyň gündelik durmuşynda uly ähmiýete uly bolupdyr.

Mähriban Arkadagymyz taryhymyzy we medeniýetimizi öwrenmek meselesine çuňňur garaýar we köpsanly eserlerini türkmen halkyna peşgeş berýär. Milli Lidermiziň miwesi bolan ajaýyp kitaplar biziň her birimiz üçin medeniýetimiziň çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiz biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, ýokary derejede kämil bilim almaga giň mümkinçilikler döredip berýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem ruhy baýlygymyz bolan kitaplary köp okap, bilimimizi artdyryp, Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşarys.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň  talyby.