Armydyň tohumlarynda ýaglar bar, ol dyrnaklaryň we saçyň berk ösmegine örän uly täsir edýär.

Armytda B toparyna degişli witaminleri köp, nerw ulgamyny güýçlendirmek we stres durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.

Nähili saýlamaly?

Miwäniň müňden gowrak görnüşi bolup, olar reňki, ululygy, şekili, tagamy, bişýän wagty we gyşa durujylygy bilen tapawutlanýar. Gara tegmiller armytyň zeperlenendigini görkezýär.

Bişen armydyň ýakymly ysy bolýar. Emma ýiti ys, miwäniň içinde çüýräp başlandygyny alamatlandyrýar.

Miwäni saýlanyňyzda, sapagynyň eýýäm doly guranyny däl-de, ýumşak we gaty miwäni saýlamak maslahat berilýär.

Nähili saklamaly?

Armytlar salkyn, garaňky we şemalladylýan ýerde saklanýar. Öýlerde (kwartirada) ammar (kladowaýa) ýa-da sowadyjynyň aşaky tekjeleri munuň üçin amatlydyr. Miweleri (bu diňe armytlara degişli däl) plastik paketlere gaplamazlyk maslahat berilmeýär, sebäbi şiresi ýitýär we tagamy gaty bolýar. Sebetleri ýa-da agaç gapyrjaklary has ter görnüşinde saklamak bolar. Bu şertlerde armyt hiline (sortuna) baglylykda bir aýa çenli saklanyp bilner.

Terligini iýlişi ýaly, armytdan dürli tagamlar hem taýýarlanýar. Senagat taýdan giňden ulanylýan miwe öý şertlerinde şerbet we mürepbe gaýnatmak üçin peýdalanylýar.

Akmyrat Pälwanow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.