Elbetde, sport we fiziki maşklar bilen meşgullanmak hemmeleri gyzyklandyrýar, ýöne bedeniňize agram bermezden öň lukmanlar bilen maslahatlaşyň. Fiziki maşklar diabet kesellileriň durmuşynda wajyp orna mynasypdyr. Fiziki maşklar we sport türgenleşikleri sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Fiziki maşklaryň we sportuň netijesinde süýjüligiň peselmeginden daşgary, ýürek-damar keselleriniň döremek howpy hem 35 % azalýar. Fiziki maşklary ýerine ýetirmezden öň we ondan soň ganda süýjüligi ölçäp duruň!
Maşklar bedeni öwrenişdirip, wagtyny 30 minuta çenli köpeltmek hem kada laýykdyr. Fiziki maşklara köpçülik ýerlerde başlajak bolsaňyz, onda, ilkinji nobatda, töwerekdäkilere keseliňiz babatda duýduryň. Sebäbi olar ýagdaýyňyzdan habarly bolmaly. Diabetiň I ýa-da II görnüşine garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barsaňyz we sport bilen yzygiderli meşgullansaňyz, agramyňyzy hem kadada saklap bilersiňiz.
Süýjüli diabet keseliňiz bar bolsa, onda glýukometr edinmeklik hem zerurdyr. Ganda süýjüligi yzygiderli barlamagyň, şeýle-de, glýukometriň zerurlygy we ähmiýeti:
- Gymmatly wagtyňyzy ýitirmezlik;
- Başga kişilere garaşsyz bolmak bilen, islendik wagtyňyz öz süýjüligiňizi barlap bilmek;
- Bejerginiň netijeliligini kesgitlemek;
- Derman serişdeleriniň kadaly möçberini kesgitlemek;
- Bejergileriň netijesinde ýetilen oňyn ýagdaýy bir derejede saklamak;
- Gaýraüzülmeleriň ir döwürde öňüni almak;
- Ýüze çykan gaýraüzülmeleri wagtynda bejermek we onuň gaýtalanmagynyň öňüni almak.
Elbetde, lukman bilen maslahatlaşyp, bulardan başga-da barlaglardan geçip bilersiňiz. Lukmana goşmaça sorag bermäge çekinmäň, sebäbi siz öz bedeniňizde bolup geçýän hadysalar we bedeniňize ýetirilýän täsirler hakynda bilmäge haklysyňyz.
Lýudmila Gurbanowa,
Aşgabat şäherindäki 3-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.