Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Lakhta Center” binasy “Emporis” tarapyndan 2020-nji ýylyň gökdiräni saýlandy. 87 gatly “Lakta Center” Ýewropanyň hem-de Russiýanyň iň beýik binasy hasaplanýar. Binanyň beýikligi 462 metre ýetýär. Daşky şekili alawy ýada salýan bina 16 müň aýna böleginden gurulypdyr. “Emporis” şereketiniň hünärmenleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan 700 gökdiräne syn beripdirler. “Emporis”-iň yglan eden bäsleşiginde Hytaýyň paýtagty Pekindäki “Leeza Soho” gökdiräni 2-nji, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki “Hudson Yards” binasy 3-nji ýeri eýeledi.
“Lakhta Center” binasyny “Gorproject” bilen RMJM kompaniýalary bilelikde dizaýn etdi. 2018-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlen bina beýikligi boýunça dünýäde 14-nji ýeri eýeleýär. binada “Gazprom” bilen bir beýleki kompaniýalaryň edaralary ýerleşýär. bina başga-da birnäçe baýraga mynasyp bolupdy.
Germaniýanyň “Emporis” şereketi binalaryň we gurluşyk taslamalary barada maglumat toplaýar we ýaýradýar. Şereket edaralary, guramalary we fiziki şahslary gurluşyk pudagyndaky maglumatlar bilen üpjün edýär. “Emporis”-iň gökdiränler üçin berýän baýragy binagärlik ugrundaky iň abraýly baýrak hasaplanýar. Bu baýrak 2000-nji ýyldan bäri berilýär. Emin agzalary dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenlerinden düzülen bolup, binalaryň gözelligine we peýdalanylyşynyň amatlylygyna baha berýärler.