Wýetnamyň Premýer-ministri Nguen Suan Fukuň başlyklyk etmeginde 37-nji ASEAN sammiti we oňa degişli ýygnaklar wideo konferensiýa arkaly geçirilýär. Maslahatyň dowamynda Premýer-ministr Nguen Suan Fuk we ASEAN-a agza ýurtlaryň ýolbaşçylary guramanyň geljekde ileri tutýan ugurlaryny we başlangyçlaryny ösdürmegiň, şeýle hem, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Wideo konferensiýa arkaly geçirilýän sammitiň dowamynda taraplar gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meseleleri boýunça pikir alşyp, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlarda guramanyň esasy ornuny kesgitlediler. Sammitde guramanyň agza ýurtlaryndan we hyzmatdaşlaryndan jemlenen maliýe serişdeleriniň hasabyna dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara gönükdirmäge niýetlenen gaznanyň esaslandyrylandygy habar berildi. Şeýle hem 37-nji ASEAN sammitinde sebit üçin lukmançylyk maksatly ätiýaçlyk goruny we saglyk merkezleriniň ulgamyny döretmek barada karar kabul edildi.
Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) Bruneý, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Filippinler, Singapur, Taýland we Wýetnam ýaly 10 agza döwleti bar.
12-nji noýabrda öz işine başlan ýokary derejeli halkara ýygnak 15-nji noýabra çenli dowam eder.