Türkmenistanda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine beslendi. Bu uly baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň 1008 maşgalasy Aşgabadyň täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny aldylar. Munuň özi 5 müňden gowrak adama barabardyr. Binalaryň buýrujylary hökmünde, paýtagtymyzyň şäher häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda bina edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy Magtymguly şaýolunyň ugry bilen, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň çäkde Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Energetika ministrligi, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, Türkmenistanyň Merkezi banky hem-de ýokarda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi belent ýaşaýyş jaýlarynyň buýrujylary hökmünde çykyş etdiler.
Desgalaryň gurluşygyny ýurdumyzyň ugurdaş kompaniýalary amala aşyrdylar. Şolaryň hatarynda «Aşgabatgurluşyk» önümçilik birleşigi, «Weli gurluşyk», «Nusaý ýollary», «Rysgally zähmet», «Çakmak daşy», «Bereketli» hususy kärhanalary, «Altyn nesil», «Ajaýyp bina» hojalyk jemgyýetleri bar.
Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary
Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ähli ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler hem-de ýolagçylar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.
Desgalaryň ýanaşyk çäkleri doly abadanlaşdyryldy we agaç nahallary oturdyldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, täze binalaryň ulanyş mümkinçiliklerine, ekologiýa we bezeg häsiýetnamalaryna uly üns berildi. Dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin ýörite zolaklar oýlanyşykly ýerleşdirilipdir we abadanlaşdyrylypdyr. Täze binalarda körpeler üçin oýun meýdançalary gurnalyp, olar şeýle desgalara mahsus bolan derejede enjamlaşdyrylypdyr.
Täze belent ýaşaýyş jaýlarynyň daşky bezeginiň aýratynlyklaryny hem bellemek gerek – olary köpöwüşginli mozaika pannolar bezeýär, şolaryň her biri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu giň möçberli «nakgaşlyk eserlerinde» Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň buýsançly nyşanlary, onuň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri hem-de nurana geljege tarap bedew bady, halkymyzyň baý taryhy we medeniýeti öz beýanyny tapypdyr.
Mozaikaly suratlar jaýlaryň buýrujylary hökmünde çykyş eden ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işiniň ugurlaryny şöhlelendirýär. Olary döretmekde reňk öwüşgininden başlap, bezeg ugurlaryna hem-de beýan edilen keşplere çenli ähli zat göz öňünde tutuldy. Bezeg işlerinde täzeçil tehnologiýalaryň hem-de milli bezegiň äheňleriniň işjeň ulanylmagy binalaryň gözelligini has-da artdyrýar.
Täze 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynda amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredilendir. Girelgeler, aşhanalar we ýaşaýyş otaglary her bir öýde goýlan dürli ölçegdäki iki smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzda öndürilen mebeller bilen gurnalandyr.
«Akylly öý» intellektual ulgamy
Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgamy ornaşdyryldy. Bu ýerde ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, mysal üçin, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkin. Ýagny, ulanyjylar diňe bir ykjam telefonda ýazmak arkaly belli bir buýruklary bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň kömegi arkaly özüniň elektrik abzallary bilen «gürleşip» bilýärler.
Ýörite işlenip düzülen üpjünçilik programmasy işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär we dolandyrylýan enjamlaryň ählisiniň häsiýetnamalary barada giňişleýin maglumaty berýär.
Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşa, ýyladyşa, howany çalyşmaga we sowatmaga, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.
«Türkmen alabaýy» ýadygärlik binasy
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen oturdylan «Türkmen alabaýy» atly heýkel Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrüldi. Alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapýan heýkelde itiň şekiliniň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapyndan we alyslardan görünýär.
«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi
Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini ýurdumyzyň «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýerine ýetirdiler. 3,8 gektar meýdany bolan taslamada 43 müň 560 inedördül metr ýerde üç gatly bina guruldy. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we gök zolaklar döredildi. Şeýle hem bu ýerde ýollar, ýanýodalar, kömekçi desgalar bina edildi. Bu ýerde köpsanly söwda nokatlaryndan başga-da, jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdi. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana bar. Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany bar. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketler, söwda dükanlarynyň 65-si häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär.
Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si göz öňünde tutulypdyr. Çagalar şolarda wagtlaryny gyzykly geçirip bilerler.
Merkez döwrebap tehniki enjamlar – amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edildi.