Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge uly üns berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna oba hojalyk toplumy tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar, önümçilige öňdebaryjy agrotehnologiýalar we ylmy işläp düzmeler ornaşdyrylýar.
«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we ýygnaldy. Azyklyk däne ýygnamak boýunça döwlet borçnamalaryny ýerine ýetiren türkmen gallaçylary hem ajaýyp zähmet üstünligini gazandylar. Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler. Daýhanlaryň bu gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň pagtaçylary hem bu baýramçylyga uly zähmet ýeňişleri bilen geldiler. Olar 1 million 250 müň tonna «ak altyny» ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagyň hötdesinden geldiler.
Sahawatly türkmen topragynda gazanylýan üstünlikleri ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli goldawyň berilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek babatda alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň daýhanlarynyň, şol sanda hususyýetçileriniň çekýän halal zähmetleriniň netijesinde, bereketli türkmen topragynda ýokary hilli we dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip we olary gaýtadan işläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde uly işler alyp barýarlar. Oba hojalyk pudagyndan gazanylýan üstünlikleriň netijesinde, ýurdumyzyň ilatyny ýylyň ähli paslynda gök we ter miwe, bakja, sitrus önümleri bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi we geçirilmegi dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, miweli baglar we üzüm ekilip, ýokary hasylly saýlama görnüşli miweler öndürilip, ýurdumyzyň içerki bazarlary bu önümler bilen doly üpjün edilýär. Gaýtadan işleýän kärhanalaryň sany barha artýar, şolarda miweler kakadylýar hem-de senagat derejesinde miwe şireleri öndürilýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, oba hojalygy bilen meşgullanýan telekeçileriň sany köpelýär. Döwrebap maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, azyk we gaýtadan işleýän kärhanalar gurlup, täze kuwwatlyklar işe girizilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen daýhanlar mineral dökünleri, tohumy hem-de oba hojalyk ekinlerine zyýan berijilere garşy göreşmek üçin serişdeleri ýeňillikli nyrhlardan satyn alýarlar. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylýar, tabşyrylan hasyl üçin maliýe hasaplaşyklary öz wagtynda ýerine ýetirilýär.
Giň gerimli maksatnamalary, ilkinji nobatda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde Diýarymyzyň ähli sebitleri tanalmaz derejede özgerdi.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen kabul edilen oba durmuşyny şäheriň şertlerine ýakynlaşdyrýan maksatnama laýyklykda, welaýatlarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk we medeni merkezleri, sport desgalary, nusgalyk düzümli döwrebap şäherçeler gurulýar, bu bolsa adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Bibijemal KAKAÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.