Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde uçarmansyz uçýan taksileriň we poçta dronlarynyň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu tanyşdyrylyş çäresini ýurduň Ulag ministrligi bilen Seulyň şäher häkimligi gurnady. Şeýle çäräniň geçirilmeginiň esasy maksady – ýakyn geljekde ulanylyp bolaýjak şäher howa ulaglary ulgamynda Koreýa Respublikasynyň gazanan ösüşlerini görkezmekden ybarat boldy.
Uçarmansyz uçar gatnawlaryna gözegçilik we utgaşdyrmak Koreýa Respublikasynyň inženerleri tarapyndan döredilen «K-drone» ulgamy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu ulgam häzirki wagtda howada birnäçe ulagyň bir wagtyň özünde howpsuz saklanmagyny üpjün edip biler. Guramaçylaryň bellemegine görä, bu iri şäheriň merkezinde uçarmansyz taksileriň we ýük dronlarynyň dünýäde ilkinji synag uçuşy bolup durýar. Uçuş meýdançasy Hangan derýasynyň kenaryndaky abraýly Ýoýdo işewür etrabynda guruldy.
Uçarmansyz taksi 2 ýolagçy üçin niýetlenip, ol ýokary galyp, derýanyň üstünde birnäçe öwrüm edip, soňra ýene-de uçuş meýdançasyna gondy. Guramaçylaryň bellemegine görä, «Hanwha» we «Hyundai» atly iki kompaniýa häzirki wagtda Koreýa Respublikasynyň howa taksisini döretmek boýunça iş alyp barýarlar. Olaryň pikiriçe, işleýän nusgalary 2022-nji ýylda döretmek, 2025-nji ýylda bolsa täjirçilik önümçiligine girişmek göz öňünde tutulýar. Uçarmansyz howa taksisiniň doly işe girizilmegi 2028-nji ýyla meýilleşdirilýär.
Amandursun DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.