Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreleri döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Şol mak­sat bi­len her bi­ri­miz:
1Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­reş uky­by­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Ir sä­her bi­len we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. Ýö­ne der­li, öl saç­ly da­şa­ryk çyk­ma­ly däl.
2Özü­ňi­ziň hem-de per­zent­le­ri­ňi­ziň bur­nu­nyň nem­li bar­da­sy­na ok­so­lin mel­he­mi­ni çal­ma­gy en­dik edin­me­li.
3Pa­syl­la­ra gö­rä ge­ýin­me­li we С wi­ta­mi­ni­ne – as­kor­bin tur­şu­sy­na baý iý­mit­ler bi­len iý­mit­len­me­li (mi­we şi­re­le­ri­ni, bal­ly we li­mon­ly gök ça­ýy, it­bu­run dem­le­me­si, al­ma, pyr­ty­kal mi­we şi­re­le­ri, ke­lem, kä­şir we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri).
4Iş ýe­ri­ňiz­de we öýü­ňiz­de otag­la­ryň ho­wa­sy­nyň tä­miz bol­ma­gy­ny üp­jün et­me­li. Onuň üçin pen­ji­rä­ni ýa-da ga­py­ny wag­tal-wag­tal açyp, ota­gy ýe­le­ji­re­dip dur­ma­ly, ýö­ne şe­ma­lyň ug­run­da özü­ňi­ziň ýa-da ça­ga­la­ry­ňy­zyň dur­ma­gy­na ýol ber­me­li däl.
5Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len, hep­de­de bir ge­zek mil­li ta­gam­la­ry­myz bo­lan gy­zyl burç­ly unaş iç­me­li. Gy­zyl bur­çuň dü­zü­min­dä­ki fi­ton­sid­ler, efir ýag­la­ry, peý­da­ly mad­da­lar ada­myň be­de­ni­niň ke­se­le gar­şy gö­reş uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Mil­li ta­ga­my­myz bo­lan unaş möw­süm­le­ýin ke­sel­le­riň hem öňü­ni al­mak­da we ony ýe­ňil ge­çir­mek­de örän äh­mi­ýet­li ta­gam­dyr. Oňa gy­zyl burç atyp içmek mas­la­hat be­ril­ýär, se­bä­bi ol fi­ton­sid­le­re baý.
6Ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­ri­niň il­kin­ji ala­mat­la­ry ýü­ze çy­kan ýag­da­ýyn­da hök­man öý­de gal­ma­ly we maş­ga­la luk­ma­ny­na ýüz tut­ma­ly. Luk­man ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len be­jer­gi­ni do­ly we dog­ry ber­jaý et­me­li.
7As­gyr­lan­da, üs­gür­len­de hök­man el­ýag­lyk bi­len ag­zy we bur­ny ýap­ma­ly.
8El­le­ri el­my­da­ma aras­sa ýag­daý­da sak­la­ma­ly we ýy­gy-ýy­gy­dan sa­byn­ly suw bi­len ýuw­ma­ly, howp­suz 2 metr ara­çä­gi ber­jaý et­me­li, agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni do­ly we dog­ry da­kyn­ma­ly.
9Der­man se­riş­de­le­ri­ni luk­man­dan mas­la­hat­laş­man, öz­baş­dak ka­bul et­me­li däl. Esa­san hem, bu an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­le­ri­ne de­giş­li. Se­bä­bi, an­ti­bak­te­ri­al se­riş­de­le­ri wi­rus­la­ra däl-de, bak­te­ri­ýa­la­ra gar­şy ukyp­ly. Ola­ry öz­baş­dak ulan­mak bir­nä­çe gaý­raü­zül­me­le­re ge­ti­rip bi­ler we be­de­niň ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny pe­sel­der.
10Be­de­niň ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hök­man hormatly Prezidentimiziň bi­ze peş­geş be­ren «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byn­da be­ýan edil­ýän it­bu­run, ço­pan­tel­pek, bu­ýa­nyň kö­ki, kä­ki­lik oty ýa­ly der­man­lyk ösüm­lik­ler­den taý­ýar­la­nan mel­hem çaý­la­ry iç­me­gi en­dik edin­me­li.
11Möw­süm­le­ýin ke­sel­le­re gar­şy san­jym­lar hem bi­ziň ýur­du­myz­da ýo­la goý­lan, her bir adam öz maş­ga­la luk­ma­ny bi­len mas­la­hat­la­şyp, ola­ry hem ka­bul edip bi­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we
der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň
Sag­ly­gy go­raý­şyň ha­bar­lar mer­ke­zi.