Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen glo­bal ma­ýyl­gan­lyk we dün­ýä­de eme­le ge­len hä­zir­ki çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar bi­len gö­reş­de Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň bi­le­lik­de ta­gal­la et­me­li­di­gi­ni hem-de sag­dyn we eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz dur­muş üçin dün­ýä­de gö­rel­de gör­ke­z­me­li­di­gi­ni öňe sür­di. Ur­su­la fon der Lýa­ýe­niň pi­ki­ri­çe, hä­zir­ki gö­rül­ýän çä­re­le­riň ne­ti­je­sin­de, 2030-njy ýy­la çen­li bu yk­lym ho­wa­da­ky zy­ýan­ly mad­da­la­ryň muk­da­ry­ny azyn­dan 55 gö­te­rim azal­dyp bi­ler. Ýew­ro­pa zy­ýan­ly gaz­la­ry­ň zy­ňyn­dy­la­ry bo­ýun­ça Hy­taý­dan we ABŞ-dan soň üçün­ji or­ny eýe­läp, 2017-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl­da tak­my­nan, 177 000 Kt zy­ýan­ly mad­da­la­ry azald­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy­ny has hem azalt­ma­ga se­bäp bol­jak çöz­güt­le­ri göz öňün­de tut­ýar. Ýew­ro­pa­nyň to­kaý­la­ry ho­wa­ny ha­pa­la­ýan gaz­la­ryň tak­my­nan, 11 gö­te­ri­mi­ni özü­ne siň­dir­ýär.
Ur­su­la fon der Lýa­ýe­niň bel­leý­şi ýa­ly, bu go­wy, ýö­ne ýe­ter­lik däl, eger-de ýag­daý hä­zir­ki de­re­je­sin­de gal­sa Ýew­ro­pa­nyň to­kaý­la­ry ho­wa goý­be­ril­ýän ha­pa gaz­la­ryň ýe­ri­ni do­lup bil­mez. Iň soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, taş­lan­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­mek zy­ýan­ly ga­lyn­dy­la­ryň äh­li­si­niň 2,75 gö­te­ri­mi­ni, oba ho­ja­ly­k ga­lyn­dy­la­ry­nyň 8,72 gö­te­ri­mi­ni, se­na­ga­t ga­lyn­dy­la­ry­nyň 7,82 gö­te­ri­mi­ni düz­ýär.
Ener­gi­ýa­nyň ga­lan 80,70 gö­te­ri­mi­niň üç­den bir bö­le­gi aw­tou­lag­lar­dan, uçar­lar­dan, gä­mi­ler­den, di­zel lo­ko­mo­tiw­le­rin­den çyk­ýan zy­ýan­ly gaz­lar­dyr. Ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry­ň muk­da­ry­ny azalt­mak­da, esa­san, kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­rin­de ener­gi­ýa­nyň ön­dü­ri­li­şi­ni azalt­mak we tä­ze­len­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ös­dür­mek mak­sat edi­nil­ýär. Ýew­ro­pa­da eý­ýäm or­naş­dy­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar bar. My­sal üçin, Şwe­si­ýa­da po­lat önüm­çi­li­gin­de kö­m­rüň ýe­ri­ne wo­do­rod ula­ny­lyp baş­lan­dy. Wo­do­rod ener­gi­ýa­sy gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­ler bi­len bi­le­lik­de Ýew­ro­pa­nyň ener­gi­ýa im­por­ty­na ga­raş­ly­ly­gy­ny azalt­ma­ga se­bäp bo­lup, tä­ze ener­gi­ýa ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hü­när­men­ler gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne geç­mek­de bir­nä­çe teh­ni­ki kyn­çy­lyk­la­ryň ýü­ze çy­kýan­dy­gy­ny, ýö­ne onuň bü­tin dün­ýä­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Me­se­le çöz­ülen­den soň yk­ly­myň uly şä­her­le­ri üçin esa­sy ar­tyk­maç­lyk, ho­wa­nyň iki es­se aras­sa bol­ma­gy bo­lar. Bu bol­sa sag­ly­gy­ňy ber­kit­mä­ge ýar­dam be­rip, dem­gys­ma ýa­ly ke­sel­ler­den ejir çek­ýän­le­riň sa­ny­ny ep-es­li azal­dar.