«Ti­ta­nik» gämisine ge­ze­lenç gu­ra­lar. Ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy «Ocean­Ga­te Expe­di­tions» At­lan­tik um­ma­ny­nyň düý­bün­de ýa­tan «Ti­ta­nik» gä­mi­si­ne sy­ýa­hat eks­pe­di­si­ýa­la­ry­ny gu­ra­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar bäş adam üçin hu­su­sy su­was­ty gä­mi­ni ula­nyp, üç müň metr­den gow­rak çuň­lu­ga çü­mer­ler. Ge­ze­lenç­le­re in­di­ki ýyl baş­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Sy­ýa­ha­tyň ba­ha­sy ýüz müň dol­lar­dan gow­rak bo­lar. Iň­lis gä­mi­si 1912-nji ýyl­da il­kin­ji sy­ýa­ha­tyn­da gark bo­lup­dy. «Ti­ta­nik» ula­nyl­ma­ga ber­len­de dün­ýä­niň iň uly gä­mi­si­di.

Al­tyn teň­ňe auk­si­on­da sa­tyl­dy. Gadymy Rim ser­ker­de­si Ýu­liý Se­za­ry ha­ty­ra­la­mak üçin ýa­sa­lan al­tyn teň­ňe, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da 2,7 mil­li­on ýew­ro (3,5 mil­li­on dol­lar) ba­ha­dan auk­si­on­da sa­tyl­dy. Bu ba­ra­da söw­da­nyň gu­ra­ma­çy­sy, nu­miz­ma­tik kom­pa­ni­ýa «Ro­ma Nu­mis­ma­tics» ha­bar ber­di. Bu şa­ýy pul Se­zar ara­dan çy­kan­dan iki ýyl soň, mi­la­dy­dan öň, 42-nji ýyl­da zik­ge­le­nip­dir. Şa­ýy pul XIX asyr­da şweý­sa­ri­ýa­ly ar­heo­log Gus­taw Karl Fer­di­nand fon Bonş­tet­te­niň kol­lek­si­ýa­syn­da sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ýu­liý Se­zar mi­la­dy­dan öň­ki 44-nji ýy­lyň 15-nji mar­tyn­da ara­dan çyk­ýar.

Şow­ly söw­da. Fransiýanyň paýtagtynyň hä­kim­li­gi ba­ha­sy 500 müň ýew­ro deň bo­lan al­tyn ha­zy­na sak­la­nyp ga­lan ja­ýy sa­tyn al­dy. Iki gat­ly bu jaý te­le­ke­çi­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li eken. Ja­ýyň ka­nu­ny eýe­si ara­dan çy­kan­dan soň mi­ras­dar goz­gal­ma­ýan em­lä­gi şä­her hä­kim­li­gi­ne 130 müň ýew­ro sat­ýar. Hä­kim­li­giň iş­gär­le­ri ja­ýy göz­den ge­çi­ren­le­rin­de, ikin­ji gat­da­ky şkaf­dan bäş sa­ny guý­ma al­tyn we al­tyn şa­ýy­lyk­la­ry tap­ýar­lar. Ha­zy­na­nyň umu­my ba­ha­sy 500 müň ýew­ro­dan gow­rak. In­di bu ta­py­lan ha­zy­na­lar şä­her hä­kim­li­gi­ne de­giş­li bo­lar.

Ru­bik kub­la­ryn­dan mo­zai­ka. Meş­hur tap­ma­ça­nyň iň uly mo­zai­ka­sy­ny dö­ret­mek üçin ital­ýan su­rat­ke­şi Jo­wan­ni Kon­tar­dä 16 sa­gat we 6000 Ru­bik kub­la­ry ge­rek bol­dy. Onuň uzyn­ly­gy 5,5 metr, ini 3,5 metr bol­dy. On­da gadymy grek pälwany şekillendirilip, elin­de ul­la­kan Ru­bi­giň ku­by­ny sak­lap dur. Jo­wan­nä mo­zai­ka­ny ýa­sa­mak üçin 15 sa­gat 49 mi­nut 32 se­kunt ge­rek bol­dy. – Bu iş­de ün­si jem­le­mek ga­ty kyn bol­dy. Hä­zir aýak­la­ry­myň agyr­ýan­dy­gy­ny duý­ýa­ryn, ýö­ne gu­rup bi­len­di­gi­me be­gen­ýä­rin – di­ýip, su­rat­keş Jo­wan­ni Kon­tar­di aýt­dy.

«Mars se­ýil­gä­hi» gur­lar. Tür­ki­ýä­niň Ku­şa­da­sy şy­pa­ha­na­syn­da Mars pla­ne­ta­sy­nyň üs­tü­ne meň­zeş şert­ler dö­re­di­len tä­sin se­ýil­gä­hi dö­ret­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Dö­re­di­ji­ler bu se­ýil­gä­hiň Gy­zyl pla­ne­ta­nyň üs­tün­de «ge­ze­lenç et­mä­ge» we Mar­syň gel­jek­ki eýe­le­ri­niň gün­de­lik dur­mu­şy­na ara­laş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni öňe sür­ýär­ler. Se­ýil­gäh­de ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, bir­nä­çe ýy­la­dyş­ha­na we mar­so­ho­duň si­mul­ýa­to­ry, şeý­le hem ja­han­keş­de­ler üçin «kos­mos ta­gam­na­ma­sy» bo­lar. Tas­la­ma­nyň ba­ha­sy iki mil­li­on­dan al­ty mil­li­on ýew­ro ba­ra­bar ha­sap­lan­ýar.