Piller kiçilerine öwredýärler. Afrikadaky sawannalarda ýaşaýan pillerde geçirilen ylmy barlaglaryň birinde uly ýaşly erkek pilleriň kiçi pillere nirede suwuň we otuň bardygy barada habar berýändigi ýüze çykaryldy. Ekseter uniwersitetiniň hünärmeni Konni Alleniň ýolbaşçylygyndaky topar Günorta Afrikanyň Botswana şäherindäki Makgadikgadi Milli seýilgähindäki pilleri ýakyndan öwrendiler. Geçirilen barlagda ýaşy uly pilleriň hemişe maşgalanyň öňünden ýöreýändigi, ýaşy kiçi pilleriň yzdan gidýändigi ýüze çykaryldy. Tejribeli pilleriň maşgalanyň beýleki agzalaryna haçan, nirä gitmelidigini, batgalygyň ýa-da suwuň niresinden geçmegiň amatly boljakdygy barada maglumat berýändigi çaklanylýar. 70 ýyla çenli ýaşaýan piller belli bir örüde däl-de, has giň meýdanda hereket edýär. Käbir pilleriň bolsa, başga maşgalalara goşulýandygy sebäpli olary öwrenmegiň aňsat däldigi aýdylýar.
Pingwinler nirede ýaşaýar? Pingwin diýlende, Antarktikanyň sowuk howasyna çydamly, uçup bilmeýän guşlar göz öňüňe gelýär. Emma pingwinleriň yssy ýerlerde ýaşaýanlary hem bar. Olaryň bir görnüşi Galapagos adalarynda duş gelýär. Ekwador döwletine degişli bolan, Ýuwaş ummanyndaky ada ekwatora örän golaý ýerleşýär. Ýeriň orta bili bolan ekwator guşaklygy iň yssy ýer hasaplanýar. Soňky geçirilen barlaglaryň netijesinde bolsa, ekwatordan has demirgazykda hem pingwinleriň ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Ummanlaryň üstünde emele gelýän «La Nina» atly sowuk howa akymynyň deňiz suwuny sowadýandygyny, onuň netijesinde bu guşlaryň iýmiti bolan balyklaryň sanynyň köpelendigi anyklandy. Munuň netijesinde pingwinler iýmitiň köp bolan ýerine – demirgazyga göçüpdirler.
Uçup bilmeýän deňiz guşlary bolan pingwinler Antarktikada, Günorta Amerikada, Täze Zelandiýada, Awstraliýada we Günorta Afrikada ýaşaýarlar.
Komodolaryň sany köpeldiler. Indoneziýanyň sanlyja adasynda ýaşaýan komodolar dünýäniň iň uly hažžygy hasaplanýar. Bu süýrenijiler endemik jandar bolup, esasan, süýdemdirijileri awlaýarlar. Soňky geçirilen barlaglarda onuň öz awuny dişläp zäherleýändigi ýüze çykaryldy. Täsin jandarlaryň agramy 70 kilograma, uzynlygy üç metre ýetýär. Häzirki wagtda bu jandaryň tebigy durmuşda bary-ýogy üç müň sanysynyň galandygy çaklanylýar. Indoneziýanyň hökümeti olaryň sanyny köpeltmek we ýaşaýan ýerlerine jahankeşdeleriň barmagyny ýeňilleşdirmek üçin 3,7 million funt sterlinge barabar pul sarp etmegi maksat edinýär.