Ýa­kym­ly ysy we ra­hat­lan­dy­ry­jy hä­si­ýe­ti bo­lan ode­ko­lon­lar soň­ky wagt­lar­da has köp ula­nyl­ýar. Bu se­riş­de asyr­la­ryň do­wa­myn­da bedeni­ňe ideg et­mek we luk­man­çy­lyk mak­sat­la­ry bi­len giň­den ula­nyl­dy. Ode­ko­lon­lar il­ki Ýew­ro­pa­da, soň­ra bü­tin dün­ýä­de giň­den ýaý­ra­dy. 1600-nji ýyl­lar­da Ger­ma­ni­ýa­da peý­da bo­lan ode­ko­lon sö­zi Köln şä­he­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Se­bä­bi, il­kinji ode­ko­lon Köln şä­he­rin­de peý­da bo­lup­dyr. Şol se­bäp­li bu se­riş­dä ne­mes di­lin­de «Köl­nisch Was­ser», ýag­ny «Köln su­wy» di­ýip­dir­ler. Ne­mes­çe Köln bo­lan şä­he­riň ady fran­suz di­lin­de «Colog­ne» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. «Köln su­wy» şol dö­wür­ler has ýör­gün­li bo­lan fran­suz di­li­ne «Eau de Colog­ne» gör­nü­şin­den («eau» fran­suz­ça suw diý­me­gi aň­lad­ýar) geç­ýär we beý­le­ki dil­le­re-de şol gör­nüş­de ýaý­ra­ýar.
Ode­ko­lo­nyň dü­zü­min­de dür­li ot-çöp­ler­den al­nan atyr­lar, hi­mi­ki usul­lar ar­ka­ly ýa­sa­lan ys­ly we bu­gar­ýan su­wuk­lyk­lar, spirt hem-de suw bol­ýar. Ode­ko­lon il­ki­baş­da luk­man­çy­lyk mak­sat­la­ry bi­len ula­ny­lyp­dyr. Bu se­riş­däniň mik­rob­la­ry ýok edi­ji (an­ti­sep­tik) hä­si­ýe­ti bar. Şol se­bäp­li gysga wagtdan gün­de­lik dur­muş­da giň­den ula­nyl­ýan se­riş­dä öw­rül­ýär. Il­ki­baş­da ode­ko­lon­lar ada­ty roz­ma­rin, li­mon, pyr­ty­kal gü­li we pyr­ty­kal-ber­ga­mot ýa­ly ösüm­lik­ler­den taý­ýar­lan­ýan eken. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, jas­min, gök çaý, man­da­rin, in­jir, hoz ýap­ra­gy, be­new­şe, li­li­ýa gü­li, zeý­tun gü­li, ar­ça ýa­ly dür­li ösüm­lik­ler­den ode­ko­lon­la­ryň bir­nä­çe gör­nü­şi taý­ýar­lan­ýar.

Üns­li ulan­ma­ly
Hä­zir­ki wagt­da dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len ode­ko­lon­la­ryň we beý­le­ki an­ti­sep­tik se­riş­de­le­riň ula­nyl­ma­gy mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar bu se­riş­de­le­riň aşa köp ula­nyl­ma­gy­nyň de­rä ze­per ýe­ti­rip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şol se­bäp­li müm­kin­çi­lik bo­lan ýe­rin­de bu se­riş­de­le­ri ulan­ma­gyň ýe­ri­ne eli­ňi sa­byn­lap ýuw­ma­gyň has tä­sir­li­di­gi­ne ün­si çek­ýär­ler. Şeý­le hem ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk da­kyn­ma­k, howp­suz ara­ly­gy sak­la­ma­k we aras­sa­çy­ly­ga üns ber­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Aras­sa­çy­lyk diý­len­de bol­sa, il­ki el aras­sa­çy­ly­gy­na üns be­ril­me­li. Şeý­le hem, el aras­sa­laý­jy se­riş­de­ler ula­ny­lan­da ola­ryň an­ti­sep­tik bol­ma­ly­dy­gy­ny unut­ma­ly däl. An­ti­sep­tik­ se­riş­de­ler el üçin ni­ýet­le­nen bol­ýar. Bu se­riş­de­le­riň köp ula­ny­lma­gy ne­ti­je­sin­de de­ri­de gu­rak­ly­k eme­le gel­me­gi müm­kin. Ony ara­dan aýyr­mak üçin ýö­ri­te krem­le­r ula­nyp bi­ler­si­ňiz. Bu­lar­dan baş­ga-da, zy­ýan­syz­lan­dy­ry­jy se­riş­de­le­r bo­lup, olar adam te­ni üçin däl, ga­py tu­ta­waç­la­ry­ny we beý­le­ki ýer­le­ri aras­sa­la­mak mak­sa­dy bi­len ula­nyl­ýar. Ola­ry de­ri­ňe de­gir­mek ýa­ra­maz tä­sir edip bil­ýär. Is­len­dik önü­mi ulan­maz­dan öň onuň ga­byn­da ýa­zy­lan gö­zük­di­ri­ji bi­len ta­nyş bol­ma­gy unut­maň!