Mähriban çagalar! Öz saglygyňyzy goramak üçin öýde, mekdepde we köpçülik ýerlerinde berjaý edilmeli düzgünleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Bu düzgünlere berk eýerseňiz, diňe arassa, tertipli bolmak bilen, saglygyňyzy hem gorarsyňyz.
Köpçülik ýerlerinde – duralgada, jemgyýetçilik ulagyna müneniňizde, synpda, arakesmede agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ýagdaýda dakynyň!
Agyz-burun örtüklerini wagtly-wagtynda çalşyň!
Köpçülik ýerlerinde howpsuz araçägi saklaň!
Arassaçylyk kadalaryny berk berjaý ediň! Mekdebe baranyňyzda, daşardan öýe geleniňizde, haýsydyr bir sebäp bilen eliňiz hapalananda dessine ýuwuň!
Mahal-mahal eliňizi, ýüzüňizi sabynlap ýuwmagy unutmaň!
Günde azyndan iki gezek, agşam ýatmazdan öň, ertirlikden soň, şeýle hem öýden çykmazdan ozal dişiňizi çotgalap ýuwmagy endik ediniň!
Ýanyňyzda hemişe zyýansyzlandyryş serişdelerini göteriň, gerek bolan halatynda olardan peýdalanyň. Egin-eşikleriňiziň we ähli okuw esbaplaryňyzyň hemişe arassa bolmagyna üns beriň!
Howanyň maýyl wagty açyk howada gezelenç ediň!