Dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça bi­ler­men­le­ri gel­jek ýyl­da ge­ze­lenç et­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­lap­dyr­lar. Hä­zir­ki wagt­da sy­ýa­hat­çy­lar di­ňe de­ňiz ke­na­ryn­da ýa-da dynç alyş zo­lak­la­ryn­da däl, eý­sem, te­bi­ga­tyň jüm­mü­şin­de bo­lup, oňa has ýa­kyn bar­ma­gy hem ha­la­ýar­lar. Şol se­bäp­li haý­wa­nat bag­la­ry, to­kaý­lar, köl­le­riň ke­nar­la­ry, säh­ra­dyr çöl­ler, dag etek­le­ri we beý­le­ki te­bi­gy gö­zel­li­ge baý ýer­ler ja­han­keş­de­le­riň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Bir ta­ra­py­ny Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ge­riş­le­ri tut­ýan Ne­pal te­bi­gy gö­zel­lik­le­re örän baý. Bu da­gyň ete­gin­dä­ki An­na­pur­na ýo­da­sy ja­han­keş­de­le­riň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­dir. Gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy gö­zel­li­gi se­bäp­li bu ýo­da sa­na­wyň ba­şy­na ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ýo­da­nyň uzyn­ly­gy 780 met­r be­lent­lik­dä­ki Be­si­sa­har no­ka­dyn­dan baş­lap, 3 müň 800 met­re çen­li do­wam ed­ýär. An­na­pur­na­daky üs­ti he­mi­şe gar­ly ge­riş­ler, owa­dan jül­ge­ler we düş­le­mek üçin amat­ly ýer­ler sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne ben­di ed­ýär. 4 müň 920 met­r be­lent­lik­de bol­sa, ýer ýü­zü­niň iň be­lent no­ka­dyn­da­ky Ti­li­ço bar.
Bo­li­wi­ýa­da­ky Sa­lar de Uýu­ni kö­li (oňa bat­ga­lyk hem di­ýil­ýär) dün­ýä­niň iň uly te­bi­gy aý­na­sy ha­sap­lan­ýar. Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da­ky bu köl­de um­ma­syz muk­dar­da duz bar. Köl di­ňe elekt­ron se­na­ga­ty üçin ze­rur bo­lan li­tiý-io­nyň çig ma­ly ha­sap­lan­ýan du­zy al­mak üçin däl, sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­la­ry üçin hem äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Mun­dan baş­ga-da gy­zyl gaz­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly şert dö­red­ýär. Kö­lüň go­la­ýyn­da bol­sa, bir asyr ozal ula­ny­lan kö­ne ot­ly wa­gon­la­ry­ny hem gör­mek bol­ýar. Şeý­le hem tä­sin go­wak­lar, duz­dan gur­lan myh­man­ha­na­lar bu ýe­riň äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­ýar.
Kam­bo­ja­da­ky ga­dy­my Ang­kor şä­he­ri­niň ýa­dy­gär­lik­le­ri XII asyr­da dün­ýä­niň iň uly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lup­dyr. Hä­zir­ki wagt­da to­ka­ýyň jüm­mü­şin­de ga­lan Ang­kor Wat but­ha­na­sy dün­ýä­niň iň uly yba­dat­ha­na­sy ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki gün­le­re çen­li sak­la­nyp ga­lan bu yba­dathana 16 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny tut­ýar.
Bra­zi­li­ýa bi­len Ar­gen­ti­na­nyň çä­gin­den akyp geç­ýän Igua­su der­ýa­sy baý ekoul­ga­my dö­red­ýär. Pa­ra­na hem-de Igua­su der­ýa­la­ry­nyň bir­leş­ýän ýe­rin­de bol­sa Igua­su şag­la­wuk­la­ry eme­le gel­ýär. Onuň giň­li­gi 2,7 ki­lo­met­re ýet­ýär. Bu ýer­de 20 uly we 255 ki­çi şag­la­wuk bar. Şag­la­wu­gyň ýe­ne bir tä­sin ta­ra­py, Ar­gen­ti­na­nyň, Pa­rag­wa­ýyň we Bra­zi­li­ýa­nyň ara­çä­gi­ni eme­le ge­tir­me­gi­dir. Bra­zi­li­ýa ta­ra­pyn­dan to­ma­şa edi­len­de ol has owa­dan gö­rün­ýär. Ar­gen­ti­na ta­ra­pyn­da bol­sa, şag­la­wu­gyň göz­ba­şy­ny gö­rüp bol­ýar. Şeý­le hem ýö­ri­te ýa­sa­lan köp­rü­ler ar­ka­ly şag­la­wu­ga has go­laý bar­mak müm­kin. Şag­la­wu­gyň äh­li ta­ra­py­ny öz içi­ne al­ýan mil­li se­ýil­gäh, ýag­ny go­rag­ha­na 1984-nji ýyl­da ÝUNESKO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Slo­we­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lýubl­ýa­na­dan 60 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýän Bled kö­li te­bi­gy gö­zel­li­gi bi­len myh­man­la­ry özü­ne çek­ýär. Kö­lüň or­ta­syn­da ýer­leş­ýän ada­da bol­sa but­ha­na bar. Ada bar­mak üçin kö­lüň ke­na­ryn­da ýö­ri­te ga­ýyk­lar gat­na­ýar. Ba­har aý­la­ryn­da bu ýe­riň has gö­zel gör­ke bü­ren­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Trig­law Mil­li se­ýil­gä­hi we Ýu­liý da­gy hem kö­lüň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Ýu­liý da­gy Ýew­ro­pa­nyň iň uly dag ul­ga­my bo­lan Alp­la­ryň bir bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýär.