Hindistanda alty ýaşly Arham Talsaniýa Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol dünýäniň iň ýaş programmaçysy hökmünde ykrar edildi. Ikinji synp okuwçysy «Python» programmirleme dilini öwrenip, «Pearson VUE» synag merkezinde «Microsoft»-yň sertifikat synagyndan geçdi. Arham «Python»-da işleýän kakasynyň özüne programmirleme öwredendigini aýtdy. Oglan iki ýaşynda planşeti özleşdirýär, üç ýaşynda eýýäm iOS we «Windows» amaly ulgamlar ornaşdyrylan enjamlary öwrenýär. Oglanjyk telekeçi bolmagy ýüregine düwendigini we adamlara kömek etmek isleýändigini aýdýar.
– Programmirlemek üçin programmalary, oýunlary we ulgamlary döredip, isleg bildirýänlere kömek etmek isleýärin – diýip, okuwçy aýdýar.
Programma üpjünçiligi boýunça inžener bolup işleýän kakasy ilki oglunyň oýun oýnandygyny, ýöne soň olary döretmek bilen gyzyklanyp ugrandygyny aýtdy. Ol mirasdaryna programmirlemegiň inçe syrlaryny öwredenden soň, Arham öz oýunlaryny döredip başlady. Şeýle hem, oglanjyk «Microsoft»-yň tehnologiýa hyzmatdaşy derejesini aldy.