Halkara Pul Gaznasy (HPG) global ykdysady ösüşiň ozalky çak edilişi ýaly 3% däl-de, 3,1% boljakdygyny mälim etdi. Bu barada taýýarlanan maglumatda ýylyň ikinji ýarymynda ykdysady işjeňligiň garaşylandan has gowy dowam edýändigi, emeli aň tehnologiýasyna goýulýan maýa goýumyň tehnologiýa öwrülişigine sebäp bolýandygy bellenilýär. Dünýä ykdysadyýetiniň geljek ýylda 3,4% ösjekdigi çaklanylýar.
ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýerleşýän bu halkara maliýe edarasy mundan ozal iýul aýyndaky maglumatynda 2026-njy ýylda 3%, geljek ýyl 3,4% ösüşe garaşylýandygyny çaklapdy. Maglumatda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň üstümizdäki hem-de geljek ýylda 2,3% ösjekdigi çaklanýar.
Ýewro sebitinde bolsa, ösüş 2026-njy ýylda 1,1%, geljek ýyl 1,2% bolar. Bu görkeziji Germaniýada degişlilikde, 1,3% hem-de 1,1% bolar. Gaznanyň maglumatyna görä, Hytaýyň ykdysadyýeti şu ýyl 4,5%, 2027-nji ýylda 4% öser. Hindistanda bu görkeziji üstümizdäki hem-de geljek ýylda 7% bolar.
Batyr Allanazarow,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
PDF








