18-nji noýabrda daşary syýasat edarasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Şwesiýa Patyşalygynyň daşary işler ministri hanym Ann Linde bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň görnüşde geçen gepleşikleriň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumynyi ara alyp maslahatlaşdylar hem-de sebit we halkara gün tertibi boýunça pikir alyşdylar.
Dostlukly ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hem-de bilelikde durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri bolan Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň täze Strategiýasynyň çäklerinde gatnaşyklaryň giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar şeýle hem, sebit we halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyna aýratyn üns çekdiler.
Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Şwesiýanyň ÝHHG başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Şwesiýanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
* * *
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ženewadaky edarasynyň baş direktory, Ýaragsyzlanmak boýunça guramasynyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa bilen wideoduşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga, adam hukuklarynyň goralmagyna, ekologiýa we energetika howpsuzlygyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň ilerledilmegine gyzyklanma bildirdiler.
Koronawirus pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady netijelerini ýeňip geçmek boýunça hyzmatdaşlyk bilen bagly meselelere aýratyn garaldy. Hormatly Prezidentimiziň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça, hususan-da, merkezi edarasy Ženewada ýerleşýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly, halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ugrunda çykyş eýändigi bellenildi.
* * *
Şol gün GDA gatnaşyjy döwletleriň –Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň wideomaslahat görnüşinde nobatdaky duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Köpçülikleýin howpsuzlyk hakyndaky Şertnama guramasynyň baş sekretary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda GDA-nyň giňişliginde biologiýa wehimlerine garşy durmak, häzirki pandemiýa zerarly ýüze çykan ýagdaýlara garşy hereket etmek hem-de onuň durmuş-ykdysady täsirlerini peseltmek maksady bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky häzirkizaman wehimlere we howplara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň kibergiňişligindäki mümkinçiliklerini berkitmek meseleleri babatynda aýratyn pikir alşyldy. Mejlise gatnaşyjylar emeli akyl we onuň milli howpsuzlygyny üpjün etmekdäki orny barada-da pikir alyşdylar.
Sebit durnuklylygy bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek üçin mundan beýläk-de tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
* * *
Şeýle hem 18-nji noýabrda ýurdumyzyň Maliýe we ykydysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörita maksatnamasynyň (SPEKA) wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Ykdysady forumyna gatnaşdylar. Onda “COVID-19” pandemiýasyndan soňky durmuş-ykdysady dikeldişe goldaw bermekde sebitleýin hyzmatdaşlyk” mowzugy boýunça pikir alyşmalar boldy.
Iki günlük maslahata gatnaşmak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümleriniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, iri maliýe edaralarynyň wekilleri, SPEKA agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasy sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we dünýä ykdysadyýetine goşulmagyna gönükdirilendir. Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan SPEKA agza ýurtlar bolup durýar.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar netijeli üstaşyr geçelgeleri, şol sanda SPEKA sebitinde ygtybarly ulag gatnawlaryny üpjün etmegiň ýurtlarymyzyň her biri üçin bähbitli esasy ugurlaryň biridigini nygtadylar.
Belenilişi ýaly, SPEKA döwletleri sebitiň içinde bolşy ýaly, häzirki emele gelen çylşyrymly pursatda özleriniň esasy söwda hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary saklamaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Serhetüsti söwda işlerini ýönekeýleşdirmegiň we üstaşyr gatnaşyklary, durnukly önümçilik-söwda ugurlaryny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli çäreleri ýerine ýetirmegiň zerurdygyna üns berildi.
Ykdysady forumyň ikinji gününde edilen çykyşlarda söwda we ulag ulgamalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ýerine ýetirmek, BMG-niň standartlaryny peýdalanmak arkaly sanly geçelgeleri we “Bitewi penjire” ulgamyny ösdürmek, aň-bilim meselelerini işjeňleşdirmek wezipeleri beýan edildi.
Maslahatda ykdysady syýasat, maliýe-býujet, pul-karz çäreleri we SPEKA ýurtlarynda koronawirusyň ýaýran döwründen başlap girizilen çäreler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün ykdysady forum öz işini dowam edýär. Onuň jemleri SPEKA-nyň Ýolbaşçy geňeşiniň 20-nji noýabrda boljak 15-nji mejlisinde jemlener.
* * *
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen XXXV mejlisine gatnaşdy.
Duşuşykda medeni alyşmalary işjeňleşdirmek meseleleri, GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamynda 2016-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlygynyň Esasy çäreleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem bu çäreleri 2021-2025-nji ýyllarada durmuşa geçirmek boýunça guramaçylykly işleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň gün tertibine şeýle hem GDA-da halk döredijidiginiň we medeni mirasyň ýylyna bagyşlanan Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak, 2020-2022-nji ýyllarda “ARTEXPO” Halkara sergisini geçirmek meseleleri girizildi.
Şeýle hem muzeý işi ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň ýerine ýetirilişiniň, GDA ýurtlarynyň medeni mirasynyň wirtual muzeýi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşy, sungat ugurly ýokary okuw mekdepleriniň halkara hyzmatdaşlygy we golýazmalary rejelemek, gorap saklamak we sanlaşdyrmak boýunça iş tejribesi, medeni hyzmatdaşlyk ulgamynda beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
* * *
Türkmenistanyň wekilleri şu günler geçirilýän “G-Global. ХХI asyryň dünýäsi” atly halkara onlaýn-kongresine gatnaşýar. Bu çäre BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy, BMG-niň Ykdysadyýet we durmuş geňeşi, “Madrid kluby” Liderleriň bütindünýä alýansy, BBС World News we beýleki guramalar tarapyndan guraldy.
Forumyň işine halkara maliýe guramalaryň we iri işewürligiň ýolbaşçylary, bilermenler we dünýä derejesindäki hünärmenler, Nobel baýragynyň eýeleri, ozalky döwlet we hökümet ýolbaşçylary we beýlekiler çagyryldy.
Duşuşygyň esasy maksady ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň we söwda, maliýe ösüşiniň, bilimleriň we innowasiýalaryň halkara merkezleri hökmünde şäherleriň mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Garaşylyşy ýaly, onuň jemleri boýunça häzirki döwriň täze wehimlerine garşy durmak boýunça belli bilermenleriň maslahatlary hödürleniler.