Ýene-de 2 ýyldan Katarda geçiriljek futbol boýunça XXII Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Günorta Amerika zolagynda 3-4-nji duşuşyklar oýnaldy. Braziliýanyň ýygyndysy ilki Wenesuelany Firminionyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Olar 2-nji duşuşygynda myhmançylykda Urugwaýdan Artur we Rişarlisonyň gollary bilen 2-0 üstün çykyp, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirdi. Argentinanyň ýygyndysy Paragwaý bilen öz meýdançasynda deňme-deň oýnady. Tangoçylar soňky duşuşygynda bolsa, Perunyň ýygyndysyny Gonzales we Martinesiň gollaryň bilen 2-0 ýeňdi. Bu 2 tapgyr düzüminde belli oýunçylary bolan Kolumbiýanyň ýygyndysy üçin juda şowsuz geçdi. Olar ilki öz meýdançasynda Urugwaýdan 0-3 (Kawani 5, Suares 54 p, Nunýes 73) utuldylar. Portugaliýaly Karlos Kueroşyž tälim berýän topary myhmançylykda Ekwadordan 6-1 hasabynda asgyn geldi. Ekwador bu oýundan öň Boliwiýany hem 3-2 hasabynda ýeňipdi. Olar Braziliýa we Argentinadan soň, sanawda 3-nji basgançakda barýarlar.

Boliwiýa – Ekwador: 2-3,

Argentina – Paragwaý: 1-1,

Kolumbiýa – Urugwaý: 0-3,

Çili – Peru: 2-0,

Braziliýa – Wenesuela: 1-0;

Wenesuela – Çili: 2-1,

Ekwador – Kolumbiýa: 6-1,

Urugwaý – Braziliýa: 0-2,

Paragwaý – Boliwiýa: 2-2,

Peru – Argentina: 0-2