Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldawynyň gerimini giňeltmek, milli ykdysadyýetiň hususyýetçilik böleginiň netijeliligini artdyrmak üçin örän oňaýly şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi ýurdumyzyň döwlete degişli bolmadyk ykdysady böleginde içerki we daşarky bazarda mynasyp derejede bäsdeşlige ukyply milli haryt öndürijileriň täze neslini ösdürip ýetişdirmäge kuwwatly ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmeginde türkmen telekeçileriniň hyzmaty uludyr. Olar ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde we bazar bolçulygyny kemala getirmek işlerinde özüniň saldamly goşandyny goşýarlar.
Döwlete degişli bolmadyk ulgamyň ýurdumyzyň jemi içerki önümindäki paýy yzygiderli ösdürilýär.
Munuň üçin döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Golaýda, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hususy pudagyň taslamalaryny maliýeleşdirmek işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň önüm öndürijilerini goldamak babatda Yslam korporasiýasy (IСD) bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada durlup geçildi. Bu abraýly maliýe guramasy ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin 10 million amerikan dollary möçberinde maliýe serişdelerini bölüp berer. Bu maliýe serişdeleriniň ýurdumyzda telekeçilik işjeňligini ýokarlandyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň öndürýän harytlarynyň görnüşlerini hem-de mukdaryny köpeltmäge, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmegine hem-de eksport ugurly harytlaryň artdyrylmagyna ýardam eder. Häzirki wagtda ýerli telekeçiler amala aşyrýan giň möçberli işleri bilen daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmäge saldamly goşant goşýarlar.
Türkmen telekeçileri mebel önümçiligini, tikinçilik işini, neşirýat ulgamyny, durmuş-himiýa önümçiligini, bagçylygy, şol sanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýola goýulýan hyzmatlaryň dürli görnüşlerini özleşdirýärler. Şeýle hem olar bilim, syýahatçylyk, bedenterbiýe we sport, mahabat işine mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzyň telekeçileri gurluşyk we gurluşyk senagatynda has-da işjeňlik görkezýärler. Ýurdumyzda senagat, medeni-durmuş düzümleriniň, ulag we energetika pudagynyň sazlaşykly ösýän döwründe türkmen telekeçileri bu ugur boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. Ýerli gurluşyk kompaniýalary we firmalary Aşgabat şäherini we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Hususy işewürçilik wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goldawlary netijesinde, obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga, ilatyň ekologiýa taýdan arassa dürli görnüşli azyk we witaminli önümlerini öndürmegi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirmegi dowam edýärler.
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşigi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler. Bu birleşigiň döredilmeginiň 12 ýylynyň dowamynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilip, ol döwlet-telekeçilik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylýandygyna we onuň geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýär.
Bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde telekeçiligi ösdürmek döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hususy pudakda öndürilýän harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberleriniň artdyrylmagy hem-de ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Gambarguly ÝALKAMYŞOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.