Ýewropa Bileleşigi gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri bilen bir hatarda Günden, suwdan hem-de ýelden alynýan energiýanyň hem möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada deňizlerdäki ýel elektrik beketleriniň kuwwatyny 2050-nji ýyla çenli 25 esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýewropa Komissiýasy bu babatda «Ýaşyl ylalaşyk» başlangyjynyň esasynda teklip bilen çykyş etdi.
– Bu strategiýa daşky gurşawa we ykdysadyýete utuş getirer – diýip, Ýewropa Komissiýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Frans Timmermans belläp geçdi.
Meýilnama laýyklykda, suw esasly ýel elektrik energiýasynyň önümçiligini 2030-njy ýyla çenli 12 GWt-dan 60 GWt-a we 2050-nji ýyla çenli 300 GWt-a ýetiriler.
Ýewropa Komissiýasynyň bu meýilnamasynyň başa barmagy üçin 2050-nji ýyla çenli 800 milliard ýewro gerek bolar. Şeýle möçberdäki maliýe serişdeleri Ýewropa Bileleşiginiň «ýaşyla geçmek» başlangyjyny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berer.
Magtymguly DURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.