Türkmenistan bagy-bossanlyga baý, ajaýyp ýurtdur. Biziň ýurdumyzda behişdi miweleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Şol miweleriň iň ajaýyplarynyň biri hem daglyk etraplarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän nar agajydyr. Naryň miwesiniň adam saglygynda iň esasy serişde bolup duran ganyň arassalygyny üpjün etmekde tutýan orny uludyr. Nar miwesi jan saglygy üçin tapylgysyz serişde bolmak bilen bir hatarda, käbir halk arasynda dowam edýän ynançlara görä, bu miwäniň daşky gurluşy, onuň däneleriniň biri-birine örän ykjam ýerleşişi agzybirligiň, berkligiň nyşany hökmünde bellidir. Türkmen halky naryň miwesini öz durmuşynda dürli maksatlar üçin hem peýdalanypdyr. Naryň guradylan gabygynyň reňk almak hem-de dermanlyk üçin peýdalydygy hemmämize aýandyr.
Güýz pasly ähli ir-iýmişleriň bişip, balynyň goýalýan wagty. Altyn güýz gelende, ähli baglaryň ýapraklary saralyp, altyn reňke öwrülýär. Datly miwelerden gyşda iýmek üçin käsini kak edip, käsiniň şiresini alyp, mürepbe gaýnadyp goýulýar. Gözel Sumbar jülgesinde bitýän dürli ir-iýmişleriň, miweleriň tarypyny näçe etseň edip oturmaly. Sumbar jülgesi agzalanda, ilki bilen, alýaňakly enarlary göz öňüne gelýär. Ösdürilip ýetişdirilen narlaryň ululygy, tagamlylygy beýleki ýerlerde ekilýän narlardan mesaňa tapawutlanýar. Naryň gabygy hem dermandyr. Hawa, etrap merkezinden gündogara ugranyňyzda, ýoluň sag tarapynda nygmatlaryň seresi, dürli ir-iýmişlerden saýlanyp duran, yhlas bilen rejelenip ekilen, töwerege özboluşly görk berip oturan nar agaçlary sizi garşy alar. Her gektardan dört-bäş tonna çenli hasyl berýän bu hojalygyň Garaňkydere, Aýdere, Şyhbedir, Sakgar ýaly birnäçe bölümleri bar.
Aýdere iýmişe örän baý dere. Bu sapaly ýere baranyňda, ilki başy asman bilen bäsleşýän hoz agaçlaryny görüp, gözüň dokunýar, göwnüň göterilýär. Hoz iň köp ýaşaýan daragtlaryň biridir. Onuň iýmit hem-de ynsan saglygy we beýleki peýdalary barada näçe aýtsaň, aýdyp oturmaly. Aslynda bu sapaly derede dynç alyş seýilgähini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny gep ugruna aýdan ýagşy. Etrap merkezinden gündogarlygyna gidýän ýoluň iki gyrasynda edilen ýanýodalar uly ýola şeýle özboluşly gelşik berýär, ýoluň iki gyrasyndaky narlar egniňe kakyp, ylla seniň bilen salamlaşmak isleýän ýalydyr.
Nar barada gürrüň edilende onuň şeýle owadan elwan güli bar. Onuň gültäjiniň açyk-gyzyl reňki bir göreniň uzak wagtlap ýadynda galsa gerek. Nar bişip, myradyna ýeten wagty gabygy ýukalyp, dänesini daşyndan sanabermelidir. Naryň adamyň jan-saglygyna neneňsi peýdasynyň barlygyny näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Hawa, narlar tagamy boýunça tapawutlanýar, olar enar, turşy nar, turşy hem-de süýji nar diýip tapawutlandyryp bolýar. Biziň altyn topragymyzda ýetişdirilýän, bazarlarymyzy bezäp duran narlar görenleri biparh goýmaýar. Tagamlylygy, ýokumlylygy bilen başga hiç bir nygmat bilen ýerini çalşyp bolmaýan naryň aňyrsynda daýhanyň halal zähmeti, yhlasy, daban azaby ýatyr. Bu behişdi miwäniň daragty baharda al-elwan gülleri bilen töweregine atyr ysyny saçyp, özboluşly gözellik döredýär. Güýzde bolsa bişip, şahasyna agram salýan miwelerini, ylla güjeňleýän ýaly, töweregine özboluşly görk berýär. Bu ösümligiň däneleri-de iýilýändir. Naryň şahasynyň we köküniň gabyklary lukmançylykda dermanlyk üçin ulanylýar. Nar adamy kuwwatlandyrýar, ýadawlygyny aýyrýar, diş etlerini berkidýär. Adamyň sandyramazlygyna, aşgazan we agyz ýaralaryna, düwnük keseline, ýürek-damar kesellerine, süýji keseline garşy dermandyr. Mundan başga-da, adam bedenindäki ganyň ýokary basyşyny hem-de ganyň düzümindäki holesteriniň mukdaryny kadalaşdyrýar. Şeýle hem naryň adam bedeniniň sagdyn bolmagyna nepi degýändir. Naryň suwy adamyň sesini durlaýar. Naryň düzüminde adam bedeni üçin ýokumly maddalaryň birnäçesi bar. 100 gram naryň iýmitlilik kuwwaty 63 kaloriýa deňdir. Şeýle hem, onuň düzüminde belok, uglewod, ýag, fosfor, kaliý, demir, natriý, kalsiý we adamyň endamy üçin zerur bolan witaminleriň dürli görnüşleri bar.
Bu ajaýyp gözel mekana seýle çykmagyň aýratyn lezzeti bar. Daş-töweregiňe syn edip gelýärkäň, her hili täsinlikler, täzelikler seni özüne bendi edýär. Magtymguly şäherçesinden demirgazykda Hasar hem-de Sünt daglarynda bitýän müň dürli dermanlyk otlaryň hoşboý ysyny alyp gelýän adaja güýz şemaly ýüzüňi sypap geçende, sende aýratyn bir wagtyhoşluk, ruhubelentlik peýda bolýar. Hatda aňyrsy gözýetimden uzaklara ýaýrap giden beýikli-pesli depelerdäki ýowşanlaryň özboluşly atyr ysy seni bimar edýär. Bu jenneti mekanyň haýsy golunda, haýsy dagynda birsalym dynç almaga barsaň, özüňde bagtyýarlyk duýýarsyň. Şeýle ajaýyp pursatlar seniň hakydaňda uzak wagtlap ýagşy ýatlama bolup galýar.
Atabaý MOMMYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.