Dün­ýä bo­ýun­ça teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ry­nyň ek­ran­la­ry­nyň hi­li­ni bar­la­ýan we umu­my stan­dart kä­mil­leş­dir­ýän «Disp­lay­Ma­te» -iň hü­när­men­le­ri «App­le» -iň soň­ky smart­fon­la­ryn­dan ek­ra­ny iň uly we iň gym­ma­dy bo­lan «iP­ho­ne 12 Pro Max»-yň jik­me-jik sy­nag ne­ti­je­le­ri­ni çap et­di­ler. Bu smart­fon 11 ka­te­go­ri­ýa bo­ýun­ça bir­ba­da iň ýo­ka­ry ba­ha­ny al­dy. Ozal «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň te­le­fon­la­ry­nyň hi­çi­si bu de­re­jä ýe­tip bil­män­di.
«IP­ho­ne 12 Pro Max» -iň bäs­deş­le­rin­den üs­tün çy­kan aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ara­syn­da reňk ta­kyk­ly­gy, su­rat­la­ryň kont­ras­ty, ek­ra­nyň do­ly ýag­ty­ly­gy, te­bi­gy ýag­ty­ly­gyň kont­ras­ty, disp­le­ýiň ýal­pyl­da­ma­ga gar­şy go­ra­gy, äh­li no­kat­lar­dan se­re­de­niň­de ek­ran­da­ky şek­liň dur­nuk­ly­ly­gy we baş­ga­lar bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ozal­ky te­le­fo­ny bo­lan «IP­ho­ne 11 Pro Max» ba­ry-ýo­gy 9 ka­te­go­ri­ýa­da, bir ýyl öň bol­sa, «iP­ho­ne XS Max» 8 ka­te­go­ri­ýa­da öň­de­li­gi eýe­läp­di.
«App­le» ta­ra­pyn­dan «Su­per Re­ti­na XDR» mar­ke­ting ady bi­len ba­zar çy­ka­ry­lan sa­ty­lan «iP­ho­ne 12 Pro Max» -yň ek­ra­ny, iň ýo­ka­ry ýag­ty­ly­gy 1200 nit bo­lan we 2 mil­li­on­dan bir reňk ta­pa­wut­ly­ly­gy­ny öňe çy­ka­ryp bil­ýän OLED ek­ra­ny ulan­ýar.
«Disp­lay­Ma­te» göz­den ge­çi­ri­şi­niň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, en­ja­ma disp­le­ýiň hi­li üçin iň ýo­ka­ry ba­ha bo­lan «A+» be­ril­di we smart­fon­la­ryň ara­syn­da iň go­wu­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.