26-njy noýabrda tutuş dünýäde Fransuz dili mugallymynyň güni bellenildi. Bu baýramy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makron tutuş dünýäde fransuz dili mugallymlarynyň 900 müňüsine hormat goýmak üçin döretdi.
Häzirki wagtda fransuz dili ýaýraýşy boýunça dünýäde bäşinji dildir. Bu dilde gepleşýänleri sany 300 milliona ýetýär. Iňlis dilinden soň ol dünýäde iň köp öwrenilýän dil, telekeçilikde üçünji, halkara maglumatlarynda ikinji we internetde – dördünji dildir.
Fransuz diliniň halkara gününe gabatlap, Fransiýanyň Merkezi Aziýadaky diplomatik wekilhanalary fransuz dili mugallymlarynyň hünärini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki dürli onlaýn-maksatnama teklip etmek üçin ýygnandylar.
Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa institutynyň guran baýramçylyk çäresi onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa 60-a golaý hünärmen, şol sanda Fransiýanyň Ilçihanasynyň işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Aşgabadyň halkara mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Onuň Alyhezreti hanym Izabel Ginel baýramçylyk çäresini giriş sözi bilen açdy.
Şu çäräniň çäklerinde «Fransuz dilini öwretmegiň täze usullary» temasyndan dürli innowasion taslamalar, uzak aralykdan sapak bermek boýunça webinarlar we ara alyp maslahatlaşmak üçin tegelek stol guramagyň usullary bilen tanyşdyryldy. Fransuz dili mugallymynyň gününiň baýramynyň ahyrynda çärä gatnaşanlaryň hersine Culturetheque, Fransiýa institutynyň sanly kitaphanasy teklip edildi.