25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurlan täze metjidiň ýerleşýän ýerine geldi. Şanly senäniň – Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda şäheriň köçeleridir şaýollary aýratyn öwüşgine eýe boldy.
Balkanabadyň gözel künjekleriniň birinde gurlan ajaýyp ak mermerli metjit welaýatyň dolandyryş merkeziniň esasy gözellikleriniň birine öwrüldi.
Bu ýerde, şäheriň binagärlik toplumy bilen sazlaşan döwrebap desgalar toplumynyň ýanynda, milli Liderimiz hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly ýaşulular döwlet Baştutanymyza mähriban halkymyzyň abadançylygy, onuň baý medeniýetini we ruhy mirasyny aýawly saklamak barada edýän yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Söhbetdeşlikden soň, milli Liderimiz täze metjide tarap ugrady, ýol ugrunda onuň daşky bezeg aýratynlyklaryny, bu töwerekdäki durmuş maksatly desgalar bilen sazlaşygyny, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady.
Ajaýyp metjidi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak bilen bina etdiler. Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi.
Metjidiň toplumynda sadaka bermek üçin ýörite bina göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gurlan myhmanhananyň otaglarynda ähli amatly şertler döredildi, beýleki degişli desgalar guruldy. Iş otaglary döwrebap tehnikalar we aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edildi. Şeýle hem awtoduralga bina edildi.
Ajaýyp metjit özüniň diňe binagärlik keşbi, içerki we daşarky bezelişi bilen däl-de, eýsem, ýanaşyk ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelmegi bilen gözüňi dokundyrýar. Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň 3 müň düýbi, gyrymsy agaçlaryň 10 müň düýbi oturdyldy. Damjalaýyn we ýagyş usulynda suwarýan ulgam göz öňünde tutuldy. Agşamlaryna bolsa metjit özüniň älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege nur çaýýar.
Döwlet Baştutanymyz täze metjidiň açylmagyna ak pata berip, binanyň içine girdi.
Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi we jebisligi barada doga-dileg edip, milli Liderimize berk jan saglyk we uzak ömür, alyp barýan köpugurly işlerinde täze üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.
Doga-dileg edilenden soň, hajy Arkadagymyz musulman dünýäsiniň mukaddes şäheri Mekgeden ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen, mukaddes Käbäniň keramatly ýazgylary bolan örtügi gowşurdy. Bu ýerde, ýola goýlan asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize sowgat berlen keramatly teperrik goýuldy. Ol milli Liderimize Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde zyýarat eden wagty çuňňur hormatyň nyşany hökmünde gowşuryldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy.
Dabara gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň baş metjidinde goýlan mukaddes gymmatlyklara tagzym edip, hajy Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.
Soňra ýurdumyzyň müftüsi we täze metjidiň baş ymamy hormatly Prezidentimizi metjidiň gurluşy, şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelýän binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.
Soňra milli Liderimiz täze metjide täze awtoulagy sowgat edip, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz özüniň ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna ilimiziň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin toý sadakasyny berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara we ähli watandaşlarymyza gutlag sözi bilen ýüzlendi. Milli Liderimiz hemmeleri Balkan topragynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurlan täze, döwrebap metjidiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Metjidiň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiz ähli dindarlarymyzy, tutuş halkymyzy özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu ajaýyp metjidiň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, halkymyzyň islän dinine uýup, rahat, agzybir ýaşamagy üçin mundan beýläk hem ähli tagallalaryň ediljekdigini, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hemmetaraplaýyn ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi. Ol tebärek çykandan soň, nahar çekildi.
Toý sadakasyna gatnaşyjylar milli tagamlardan dadanlaryndan soňra, aýat-töwir okaldy.
Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.