Birleşen Milletler Guramasynyň esasy iri organlarynyň biri hasaplanýan Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde dünýäniň ençeme döwletiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän umumy syýasy ýygnak öz işine başlady. Ol 20-nji sentýabrda başlap, 26-njy sentýabra çenli dowam eder. Şol döwürde dünýäniň 100-den gowrak döwletiniň ýolbaşçylary BMG-niň belent münberinden öz garaýyşlaryny beýan ederler. Şeýle hem bu ýerde döwlet we hökümet baştutanlary bilen bir hatarda, öz ýurduna wekilçilik edýän daşary işler ministrleri we beýleki ýokary derejedäki döwlet ýolbaşçylary çykyş ederler.
Ilki bilen, Braziliýanyň Prezidenti çykyş edip, umumy syýasy mejlise badalga berdi. 20-nji sentýabrda Braziliýadan soňra ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama çykyş etmelidi. Ýöne ol ýygnaga gijä galyp gelendigi üçin Çadyň Prezidenti çykyş etmeli boldy. Şondan soňra Barak Obama söz berdiler. Şeýle hem şol gün Fransiýanyň, Argentinanyň, Slowakiýanyň, Perunyň, Türkiýäniň döwlet baştutanlary, Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň Premýer-ministrleri hem-de Iordaniýanyň Patyşasy çykyş etdi.
Umumy syýasy ýygnagyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň öňünde çykyş edip, BMG-niň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama döwlet baştutany wezipesinde iň soňky çykyşyny amala aşyrdy. Ol şu ýylyň ahyrynda ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawyndan soňra täze saýlanan döwlet ýolbaşçysyna öz wezipesini tabşyrar. Barak Obama öz çykyşynda ählumumy ykdysady ösüşi hem-de parahatçylygy güýçlendirmäge degişli meselelere üns çekdi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland bolsa öz çykyşynda dünýä döwletlerini howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen kabul edilen Pariž şertnamasyny tassyklamaga çagyrdy. Ol taryhy ähmiýete eýe bolan bu ylalaşygyň gysga wagtda güýje girizilmeginiň wajyp bolup durýandygyny mälim etdi. Bu ylalaşyk geçen ýylyň dekabr aýynda Fransiýanyň paýtagtynda kabul edilipdi.
Parahatçylyk jaňy kakyldy
Her ýylyň 21-nji sentýabrynda Halkara parahatçylyk güni giňden bellenip geçilýär. Şol günüň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun guramanyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynyň bagyndaky parahatçylyk jaňyny kakdy.
– Men ähli döwletleri ählumumy parahatçylyga hyzmat etmäge çagyrýaryn. Dünýäde parahatçylygyň berk hem-de mäkäm ornaşmagy üçin tagalla edilmelidir. Dünýäniň köp sanly ýerinde ýüze çykýan dürli meseleler sebäpli adamlar öýlerini terk etmeli bolýarlar. Biz muňa ýol bermeli däldiris. Ýer togalagyndaky ähli adamlaryň asuda hem-de parahat durmuşda ýaşamagy üçin egin-egne berip, hyzmatdaşlygy güýçlendireris – diýip, Pan Gi Mun belledi.
Şeýle hem ol 2016-njy ýylda Halkara parahatçylyk gününiň esasy mowzugynyň “Durnukly ösüş maksatnamasy: parahatçylygyň esasy ugurlary” bolandygyny mälim etdi. BMG-niň Baş sekretary durnukly ösüşiň 17 maksadynyň adamzadyň täze ösüş döwrüne gadam basmagyna mümkinçilik berjekdigini belledi.
Bu dabara BMG-niň parahatçylyk ilçileri hem gatnaşdy. Olaryň hatarynda dünýä belli kino ýyldyzlary Leonardo di Kaprio, Stiwen Uander we Jeýn Gudoll dagy bar.
Durnukly ösüş boýunça 17 esasy maksatlar 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň döwlet baştutanlary derejesindäki taryhy mejlisinde kabul edilipdi. Öňümizdäki 15 ýylyň dowamynda bu maksatlara ýetmek üçin dünýä döwletleri tagalla eder. Şol maksatnamalaryň arasynda garyplyga garşy göreş alyp barmak, Ýer togalagyny goramak, ählumumy ösüşi üpjün etmek ýaly ugurlar bar.
Bosgunlara halkara derejesinde goldaw berilýär
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlsiniň çäklerinde ilkinji gezek bosgunlaryň meselesi boýunça ýörite maslahat geçirildi. Soňky döwürde bosgunlaryň meselesi ähli ýurtlaryň, esasan hem, Ýewropa ýurtlarynyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Kino äleminiň ýyldyzlary, teleýaýlymlaryň, aýdym-saz dünýäsiniň wekilleri, ýönekeý adamlar bu meselede BMG-niň bosgunlar baradaky ýokary komissarlygyna kömek berýär. 1,3 million adam bu meselä goldaw bermek maksady bilen ses berdi.
Köp sanly adamlaryň goldaw berýändigi baradaky resminama BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna hem-de 71-nji mejlisiň başlygy Piter Tomsona gowşuryldy.
Baş Assambleýanyň 71-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen ýörite maslahatyň barşynda Nýu-Ýork ähtnamasy kabul edildi. 2015-nji ýylda dünýäde bosgunlaryň sany 244 milliondan geçdi. Deslapky maglumatlara görä, BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy 2016-njy ýylyň ahyryna çenli 1,1 million bosguna ýaşamak üçin şert döredip bermegi meýilleşdirýär. Bu görkeziji geçen ýyla garanyňda, takmynan, 10 esse köpdür.
BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun dünýä döwletlerini 1,2 million bosguny kabul etmäge çagyrdy. ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama bolsa, öňümizdäki ýylda BMG-ä agza döwletleriň 50-siniň 360 müň bosguna ýaşamak üçin şert döretjekdigini mälim etdi.
2017-nji ýylda ABŞ 110 müň bosguny kabul etmäge taýýarlyk görýär. 2013-2015-nji ýyllar aralygynda 70 müň bosgun ABŞ-a ýerleşdi. 2016-njy ýylda olaryň sany 85 müňe ýetdi.
Şu ýyl 32 döwlet bosgunlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen BMG-ä hem-de halkara ynsanperwer guramalara 4,5 milliard dollar pul kömegini berdi.
Hytaý Halk Respublikasy bosgunlaryň meselesini çözmek üçin 100 million dollar goşmaça kömek berjekdigini mälim etdi. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Li Kesýan BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerindäki bosgunlar boýunça umumy ýygnakda habar berdi. Hytaýyň hökümeti BMG-niň başlangyçlary esasynda halkara ynsanperwer guramalaryna pul kömegini ýetirer. Häzirki wagtda Hytaý ynsanperwer kömegini bermekde öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda durýar.
Mundan başga-da Günorta Koreýa 230 million dollar, Şwesiýa 20 million dollar ynsanperwer pul kömegini bermegi maksat edinýär.