Özbegistan Respublikasynda şu ýylyň 4-nji dekabrynda geçiriljek prezident saýlawlary üçin dalaşgärler mälim edilip başlandy. Ýurtda hereket edýän syýasy partiýalar bu saýlawlara öz dalaşgärleri bilen gatnaşmagy maksat edinýär.
Şeýlelikde, ýurtdaky resmi taýdan hasaba alnan 4 syýasy partiýa öz dalaşgärlerini hödürledi. Partiýanyň ýolbaşçy komiteti dalaşgärleri saýlap aldy. Indi nobat partiýanyň uly ýygnagynda. Şol ýerde partiýanyň agzalarynyň ses bermeginde dalaşgärler dolulygyna tassyklanar. “Adolat” sosial-demokratik partiýasy Narimon Umarowy, Özbegistanyň Halk-demokratik partiýasy Hotamjon Ketmonowy dalaşgär görkezdi. “Milliý tiklaniş” partiýasynyň merkezi geňeşi Sarwar Otamuratowyň dalaşgärligini tassyklady.
Telekeçiler we işewürler hereketiniň hem-de Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi ýurduň Premýer-ministri we döwlet baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýewi dalaşgär görkezdi. Olaryň uly mejlisi 14-nji oktýabrda geçiriler.
Ýurduň hereket edýän kanunçylygyna görä, diňe syýasy partiýalaryň prezident wezipesine dalaşgär görkezmäge hukugy bar. Saýlaw kampaniýasy şu ýylyň 9-njy sentýabrynda başlandy. 30-njy sentýabr-20-nji oktýabr aralygynda dalaşgärler ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynda resmi taýdan hasaba alnar.