Ýur­du­myz­da adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li çä­re­ler ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­ýär. Pa­syl­la­ryň ça­lyş­ýan döw­rün­de möw­süm­le­ýin ýi­ti res­pi­ra­tor ýo­kanç ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak üçin dog­ry iý­mit­len­mek hem äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Eý­sem, ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin nä­hi­li iý­mit­len­me­li?!
Güýz pas­ly­nyň pa­ýaw­lap, ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len ozal­ky iş­jeň­li­gi­miz­de bel­li bir de­re­je­de ha­ýal­la­ma­lar ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le ýag­daý­da göw­nü­miz süý­ji, ýo­kum­ly önüm­le­ri küý­säp ug­ra­ýar. Ýö­ne so­wuk gün­ler­de ýü­ze çyk­ýan kä­bir is­leg­le­ri­miz go­rag ul­ga­my­my­za zy­ýan ýe­tir­mek äh­ti­mal­ly­gy­nyň hem bar­dy­gy­ny unut­ma­ly däl­di­ris. Şo­ňa gö­rä, so­wuk ho­wa­da dür­li nä­hoş­luk­la­ra uç­ra­maz­lyk üçin be­de­niň go­rag ul­ga­my­na oňyn tä­sir ed­ýän bir­nä­çe mas­la­hat­lar ber­lip, olar bi­ziň sag­ly­gy­my­zy go­ra­mak­da çyn­la­kaý ýar­dam ber­ýär. Şeý­le mas­la­hat­la­ryň bi­ri hem oza­ly bi­len, kö­p­räk suw iç­mek­dir. Çün­ki gü­nüň do­wa­myn­da içi­len bir­nä­çe bul­gur suw ýa-da dü­zü­mi ok­si­dant­la­ra baý bo­lan gök çaý be­de­niň ka­da­ly iş­le­me­gi üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ola­ryň ýe­ne bi­ri oňat uku­dyr. Çün­ki uky be­de­ne dü­şen fi­zi­ki we ru­hy ag­ra­my ýa­ňa­dan­ di­kel­dip, iş­jeň­li­gi­mi­zi art­dyr­mak üçin ze­rur bo­lup dur­ýar. Bu ze­rur­ly­ga äh­mi­ýet ber­me­se­ňiz, be­de­ni­ňiz­de düýp­li nä­saz­lyk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler. Şeý­le ha­lat­lar­da yn­san be­de­nin­de tok­sin­ler jem­le­nip, onuň ke­se­le gar­şy du­ru­jy­lyk uky­by pe­se gaç­ýar. Oňat uky be­de­niň im­mun ul­ga­my­ny pug­ta­lan­dyr­ýar. Şe­ker­li önüm­ler­den bel­li bir de­re­je­de ga­ça du­rul­sa zy­ýa­ny ýet­mez. Çün­ki ol sem­re­mä­ge, ga­ly­ber­se-de be­de­niň go­rag ul­ga­my­nyň iş­jeň­li­gi­ni ha­ýal­lad­ýar.
Adat­ça, so­wuk gün­lerde dür­li mi­we­ler­dir, gök önüm­ler, şeý­le-de ga­ra şo­ko­lad be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny ber­kid­ýär.
Dü­zü­min­de sink bo­lan önüm­ler be­de­ni­mi­zi so­wuk­dan go­ra­mak­da çyn­la­kaý ýar­dam ber­ýär. Ol adat­ça et önüm­le­rin­de, mer­ji­mek­de, kün­jü­de, kä­di­de we ga­tyk­da köp jem­len­ýär. Py­ýa­da ýö­re­me­gi özü­ňi­ze wer­diş edi­niň. Çün­ki fi­zi­ki he­re­ket ýa-da spor­tuň is­len­dik gör­nü­şi si­zi ar­tyk­maç ag­ram­dan dyn­dar­ma­ga, gan aý­la­n­şy­ňy­zy saz­la­ma­ga we ýa­şaý­şa bo­lan iş­jeň­li­gi­ňi­zi art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. Ga­ly­ber­se-de, hiç hi­li göw­nü­çök­gün­li­ge ýa-da ga­ha­ra ýol ber­mäň. Ýa­kyn­la­ry­ňyz bi­len ýy­gy-ýy­gy­dan di­dar­la­şyp dur­mak, ha­la­ýan güý­men­jäň bi­len göw­nü­ňi gö­ter­mek, sag­dyn pi­kir ýö­ret­mek – bu­la­ryň äh­li­si sag­ly­gy­my­za go­ýan ser­ma­ýa­myz­dyr.

Ber­ke­li Mu­ham­me­dow,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.