Bosniýa we Gersegowina Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin zerur bolan resminamalary jemläp, agzalyk üçin ýüz tutdy. Şu ýylyň 20-nji sentýabrynda Ýewropa Bileleşigi bu ýurduň resminamalaryny kabul edip, agzalyk döwrüniň başlanandygyny habar berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň ýaýradan maglumatyna görä, gurama agza bolmak isleýän her bir ýurt munuň üçin köp tagalla etmeli bolýar. Agza bolmak üçin zerur bolan ýörelgeleri doly ýerine ýetirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Ýewropa Komissiýasy Bosniýa we Gersegowinanyň resminamalaryny gözden geçirip, bu döwlete agzalyk derejesiniň berilmegi babatda iş alyp barar. Munuň üçin azyndan 1 ýyla golaý wagt gerek bolar.
Bosniýa we Gersegowinanyň Premýer-ministri Denis Zwizdiç Ýewropa Bileleşigi tarapyndan resminamalaryň kabul edilmeginiň Ýewropa ugry boýunça ädilen ädimiň taryhy ähmiýete eýe bolandygyny mälim etdi.
– Biziň ýurdumyz üçin örän hoş habar boldy. Esasan hem, ýaşlar bu şatlykly habardan örän hoşal boldular – diýip, Denis Zwizdiç gürrüň berýär.
Bosniýa we Gersegowina 2016-njy ýylyň fewral aýynda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin ýüz tutupdy. 2008-nji ýylda Bosniýa we Gersegowina bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda örän işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ylalaşyga gol çekilipdi. Bu ylalaşyk geçen ýylyň iýun aýynda güýje girdi.