12-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahat geçirildi.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Maslahatyň dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz halkara maslahatynyň geçirilýän ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz maslahat başlamagynyň öňüsyrasynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan Halkara sergi bilen tanyşdy.
Soňra milli Liderimiz maslahatlar zalyna bardy. Bu ýere foruma gatnaşyjylar ýygnandylar. Baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuna bagyşlanan bu maslahata hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, ýerli we daşary ýurtly habarçylar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň dabaraly mejlisini açyp, ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen ykrar edilen hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen tassyklanan hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny belledi.
Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Ýusef Ben Ahmed Al-Usaýmin, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý wideoaragatnaşyk arkaly çykyş etdiler.
Halkara maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimizi hem-de ähli türkmen halkyny bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler.
Şol gün Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan Halkara maslahaty köpsanly halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde öz işini umumy mejlisler arkaly dowam etdi.
Halkara maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji Aşgabat resminamasy kabul edildi.