Hünärmenler Günden energiýa almakda has ýokary netije berýän tehnologiýany işläp taýýarladylar. Arassa energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň artmagy tebigata berilýän zyýany azaltmaga kömek edýär. Şol sebäpli Günden, ýelden we suwdan energiýa almak üçin has köp maýa goýum goýulýar. Hünärmenler Gün şöhlesini energiýa öwürmek üçin dürli usullardan peýdalanýarlar. “Science” žurnalynda neşir edilen makalada Gün energiýasyny saklaýan täze batareýanyň 29,15 göterimlik görkeziji bilen rekord goýandygy mälim edilýär. Hünärmenler Gün panelleri arkaly alynýan energiýada bu görkezijiniň 30 göterimden ýokary çykarmagy maksat edinýärler. Şeýle hem bu tehnologiýanyň az çykdajy bilen ýokary netije gazanmaga mümkinçilik berjekdigi aýdylýar.
Rejepgylyç Çopanow,
TOHU-nyň talyby.