Sankt-Peterburg şäheri Russiýanyň demirgazyk-günbatarynda, Fin aýlagynyň kenarynda we Newa derýasynyň boýunda ýerleşýär, Leningrad sebiti bilen goňşy, şeýle hem Finlýandiýa we Estoniýa bilen deňiz arkaly serhetleri bar.
Sankt-Peterburg bir milliondan gowrak ilaty bolan dünýäniň iň demirgazyk şäheridir. Şeýle hem, Sankt-Peterburg Russiýada ilaty milliondan geçen iň günbatar şäherdir. 2030-njy ýyla çenli ilatyň 5,9 milliona ýetjekdigi çaklanylýar.
Sankt-Peterburg Russiýanyň möhüm ykdysady, ylmy we medeni merkezidir. Şäheriň taryhy merkezi we ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilip, ýurtdaky iň möhüm syýahatçylyk merkezlerinden biridir. Iň möhüm medeni we syýahatçylyk ýerleriniň arasynda Ermitaž, Kunstkamera, Mariinskiý teatry, Russiýanyň milli kitaphanasy, Rus muzeýi, Petropawlowsk galasy, Keramatly Isaakiýewsk sobory, Newskiý prospekti bar. 2018-nji ýylda Sankt-Peterburg şäheri takmynan 8,5 million syýahatçyny myhman aldy.
Şäherde ýylda ortaça 62 gün howa güneşli bolýar. Şonuň üçin ýylyň köp böleginde bulutly howa agdyklyk edýär. Günüň dowamlylygy 22-nji dekabrda 5 sagat 51 minutdan 22-nji iýunda 18 sagat 50 minut aralygynda üýtgeýär. Adatça, 25-26-njy maýdan 16-17-nji iýula çenli Sankt-Peterburgda «ak gijeler» döwri bolýar. Bu ýagdaý Gün şöhlesiniň derejesiniň üýtgemegi bilen düşündirilýär. Bu döwürde gijäniň garaňkylygy aradan aýrylyp, gijeler bilen gündizler garyşýar. Ak gijeleriň dowamlylygy 50 günden gowrak bolýar.
Şäherde ýedi sany aýratyn goralýan tebigy ýer bar – 3 sany tebigy goraghana we dört sany tebigy ýadygärlik. Sankt-Peterburgy ösdürmegiň umumy meýilnamasyna görä, ýene-de bäş goraghana we iki tebigy ýadygärlik dörediler.
Sankt-Peterburga dünýä ähmiýetli medeni merkez, köplenç Russiýanyň «Medeni paýtagty» diýilýär. Şäherde 8464 medeni miras ýadygärligi bar, şol sanda federal ähmiýetli 4213 medeni miras ýadygärligi bolup, bu Russiýa Federasiýasynyň çäginde döwlet tarapyndan goralýan ýadygärlikleriň takmynan 10 göterimini düzýär.
Şäherde 200-den gowrak muzeý we olaryň şahamçalary, üç million töweregi sungat eseri we dünýä medeniýetiniň ýadygärlikleri bilen bir hatarda Rus sungatynyň iň uly muzeýi hasaplanýan Ermitaž, Merkezi harby deňiz muzeýi, Russiýanyň sungat akademiýasynyň ylmy-barlag muzeýi, Şäher heýkeltaraşlygynyň döwlet muzeýi, Sankt-Peterburgyň taryhy muzeýi, Beýik Pýotr adyndaky antropologiýa we etnografiýa muzeýi (Kunstkamera), «Piterhof», «Oranienbaum», «Sarskoe Selo», Pawlowsk, «Puşkinskaýa 10» sungat merkezleri, Erarta häzirkizaman sungat muzeýi, A.S.Puşkin adyndaky Bütinrussiýa muzeýi ýerleşýär. Sankt-Peterburgda 1100 kitaphana bolup, olaryň arasynda iň ulusy Russiýanyň Milli kitaphanasy, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň kitaphanasy, B.N.Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasy bar. Mundan başga-da 50-den gowrak medeni we dynç alyş edaralary we 50-den gowrak kinoteatr bar.
Sankt-Peterburgda birnäçe döredijilik uniwersiteti bar: N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet konserwatoriýasy, A.Ý. Waganowa adyndaky Rus baletiniň akademiýasy, Russiýanyň döwlet sahna sungaty instituty, Sankt-Peterburgyň I.E.Repin adyndaky surat, heýkeltaraşlyk we binagärlik instituty, A.L.Ştiglis adyndaky Sankt-Peterburgyň döwlet çeperçilik we senagat akademiýasy, Sankt-Peterburg sungat mekdebi, Sankt-Peterburg döwlet kino we telewideniýe instituty. Şäherde takmynan 10 kinostudiýa bar, olaryň arasynda iň köneleri «Lenfilm» we «Lennauçfilm» bolup durýar.
Şäher esaslandyrylanda Wenesiýadan we Amsterdamdan nusga alnypdyr. Şäherde gatnaw daş düşelen köçeler bilen däl-de, kanallar arkaly amala aşyrylmagy nazarda tutulypdyr. Bu şäheriň ýaşaýjylary ýeňil gaýyklarda hereket edipdirler. 1716-njy ýylda şäheriň ilkinji umumy taslamasyny italýan binagäri Domeniko Trezini taýýarlapdyr. Ussat binagäriň taýýarlan çyzgysyndaky göni köçeler, giň şaýollar Sankt-Peterburgyň özboluşly aýratynlygyna öwrülipdir.