Köp­lenç se­riş­de­le­ri dog­ry sarp et­me­gi Tä­ze ýyl dynç alyş­la­ryn­da ýat­dan çy­kar­ýa­rys. Baý­ram­çy­lyk­dan soň­ra adat­ça köp muk­dar­da zi­bil we bir ge­zek ula­nyl­ýan be­zeg­ler gal­ýar. Öýü­ňi­zi tä­ze ýy­la la­ýyk be­ze­me­giň has el­ýe­ter­li we aň­sat usul­la­ry bar. Bu­la­ryň kä­bi­ri­ni öý­de ýa­sap bol­ýar, kä­bir­le­ri­ni bol­sa sa­tyn alyp bol­ýar.

1. Ka­gyz be­zeg­ler Gar toz­ga­la­ry, gül­ler, çy­ra­lar we ýyl­dyz­lar – ak ýa-da reňk­li ka­gyz­lar­dan aja­ýyp be­zeg­le­ri dö­re­dip bi­ler­si­ňiz. Kä­bir­le­ri esa­sy ori­ga­mi en­dik­le­ri­ni ta­lap edip, kä­bir­le­ri­ni bol­sa, aň­sat­lyk bi­len ýa­sap bo­lar.
2. Plas­tik we aý­na­nyň ýe­ri­ne kar­ton Eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa te­bi­gy ma­te­ri­al­lar soň­ky ýyl­lar­da has meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Tä­ze ýyl äheň­li kar­ton oý­na­waç­la­ryň taý­ýar gör­nü­şi­ni sa­tyn alyp bi­ler­si­ňiz. Ýa-da özü­ňiz­de bar bo­lan kar­ton­lar­dan gör­kez­me­le­re la­ýyk­lyk­da ýe­lim­läp, dür­li be­zeg­le­ri ýa­sap bi­ler­si­ňiz.
3. Te­bi­ga­tyň «sow­gat­la­ry» Go­za­lar, şa­ha­lar, ýap­rak­lar öý­de Tä­ze ýyl be­ze­gi üçin aja­ýyp se­riş­de­ler­dir. Bu­la­ryň hem­me­si­ni küý­ze­ler­de we aý­na ban­ka­lar­da owa­dan edip ýer­leş­di­rip bi­ler­si­ňiz. Şeýle hem LED çyralar bilen Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň ýe­ri­ne ýa-da sto­luň üs­tü­ni be­ze­mek­de hem ulanyp bilersiňiz.
4. Ar­zan be­zeg­ler Dü­kan­dan tä­ze ýyl be­zeg­le­ri­ni al­mak­çy bo­la­ny­ňyz­da sti­ker­ler ýa-da ar­zan ma­te­ri­al­dan taý­ýar­la­nan be­zeg­le­ri sa­tyn alyp bi­ler­si­ňiz. Bu­la­ry pen­ji­re­le­ri, di­war­la­ry we beý­le­ki zatlary owa­dan be­ze­mek üçin ula­nyp bo­lar. Şeý­le hem eme­li gar se­pi­ji­le­r ýa-da ak reňk­ler si­ze kö­mek edip bi­ler.
5. Ar­ça şa­ha­la­ry Uly ar­ça sa­tyn al­ma­gyň ýe­ri­ne, di­ňe jan­ly ar­ça şa­ha­la­ry bi­len öýüň için­de tä­ze ýyl ähe­ňi­ni dö­re­dip, ar­ça to­ka­ýy­nyň ysy bi­len dol­du­ryp bi­ler­si­ňiz. Şa­ha­la­ry gül­da­na sa­lyp ýa-da ga­py­da ber­ki­dip bo­lar. Ola­ry gül bi­len be­zäp bi­ler­si­ňiz. Şeý­le be­zeg te­bi­gy gö­rün­ýär, aý­ra­tyn zäh­met we se­riş­de ta­lap et­me­ýär.
6. Süý­jü­lik­ler Tä­ze ýyl ar­ça­syn­da­ky oý­na­waç­la­ryň kä­bi­ri süý­jü­ler bi­len çal­şy­ry­lyp bil­ner. Ola­ry owa­dan sa­pak­lar bi­len ber­ki­dip, aga­ja asyp bi­ler­si­ňiz. Şe­kil taý­dan bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­ly süý­jü­lik­le­ri ulan­mak, şeý­le hem ola­ryň ýal­pyl­da­wuk daş­la­ry Tä­ze ýyl ar­ça­sy­na görk go­şar. Be­zeg iş­le­ri­ni ça­ga­la­ry­ňyz bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek ola­ryň el ukyp­la­ry­ny ös­dü­rer.

Gülşat Çaryýewa,
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň müdiri.