Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiz azyk ulgamyny ösdürmegiň, ilatyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar. Ýurdumyzyň azyk senagaty, döwlet we hususy kärhanalary tarapyndan ýerli tebigy çig maldan öndürilýän önümleriň sanawynda süýt, peýnir, gatyk, ýogurt, dorog, suwlaryň dürli görnüşleri, dürli et, şöhlat, çörek we çörek önümleri, süýji-köke önümleri, täze hem-de gaplanan gök-balyk önümleri, şerbetler, miwe suwlary, çaga iýmiti, bal, üwmeç, tomat goýaltmasy we beýlekiler bar.
Obasenagat toplumy ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiz önüm öndürijileri ähli taraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuň oýlanyşykly strategiýasynyň çäklerinde oba hojalygynda önüm öndürijilere ýerleriň 99 ýyllyk möhlet bilen berilmegi, oba hojalygynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, mundan başga-da, ýeralma, sogan, käşir, kelem ýaly dürli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmäge, şeýle hem miweli baglaryň köpeldilmegine giň mümkinçilik berýär.
Ilatymyzy ýylyň ähli pasyllarynda ter gök önümler bilen üpjün etmek üçin sowadyjy ammarlar gurulýar. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan suw tygşytlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň 138-siniň gurlup, ulanylmaga berilmegi dürli gök-bakja we beýleki azyklyk önümleriniň önümçiliginiň has-da ösdürilmegine uly goşant bolup durýar.
Häzirki zaman tehnologiýalaryny peýdalanmak esasynda guşçulyk pudagy hem ösdürilýär. Telekeçiler tarapyndan guş etini öndürmäge hem-de ýumurtga öndürmek üçin niýetlenen guşçulyk toplumlary ulanmaga berildi. Bu hem ýurdumyzyň içerki bazaryny ýumurtga we guş eti bilen doly üpjün etmäge şert döredýär.
Ýurdumyzyň ilatynyň abadan hem-de asuda durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan döwletli tutumlary uly rowaçlyklara beslensin!
Bibijemal Kakabaýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.