“Bundesliganyň” 13-nji tapgyrynyň açylyş duşuşygynda “Union Berlin” öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmundy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda berlinliler 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. 5 oýundan soň ýeňiş gazanan “Union Berline” 3 utuk gazandyran gollary Awoniýi bilen Fraýdrih derwezä girizdi. Golaýda tälimçisini çalşan “Borussiýa Dortmundyň” ýeke-täk goluny 60-njy minutda Ýussufa Mukoko tora saldy. Şeýlelikde, Mukoko “Bundesliganyň” taryhynda gol geçiren iň ýaş futbolçy bolmagy başardy (16 ýaş 28 gün). Ol bu ugurda “Baýeriň” ýaş oýunçysy Florian Wirtziň (17 ýaş 34 gün) geçen möwsümde goýan rekordyny täzeledi. Mukoko şu möwsümiň dowamynda “Bundesligada” oýnan iň ýaş futbolçy rekordyny hem täzeläpdi. Bu rekordy ondan öň Nuri Şahin 15 ýyllap özünde saklapdy.