Soňky wagtlarda XIII asyrdan 1941-nji ýyla çenli ulanylan köne mongol ýazuwyna gyzyklanma artýar. Hytaýyň Içerki Mongoliýa sebitiniň ýaşaýjylary köne mongol ýazuwy arkaly öz dillerini takyk öwrenmäge tagalla edýän bolsalar, Mongoliýada häzirki wagtda kirillisa elipbiýi ulanylýar.
– Adamlar köne mongol ýazuwyna hemişe hormat goýup, ony gorapdyrlar. Emma soňky wagtlar bu ýazuwa bolan isleg has-da artýar – diýip, köne mongol ýazuwy boýunça mugallym Batbileg Lhagwabaatar aýtdy.
Kirillisa ýa-da latyn ýazgylaryndan tapawutlylykda, köne mongol sözleri keseligine däl-de, dikligine, ýagny ýokardan aşaklygyna ýazylýar. Harplaryň çyzgysy Ýakyn Gündogardan gelip çykýar: Orta asyr köne uýgur we sogdyý elipbiýiniň üsti bilen gadymy Siriýa ýazuwyna çenli uzaýar. Köne mongol elipbiýi XIII asyrda mongollar Ýewraziýanyň ägirt uly giňişliklerinde ornaşan wagtlary döredilipdir.
1990-njy ýyllardan bäri Mongoliýada latyn ýazuwyna geçmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşylýar. 2015-nji ýylda ýurduň Parlamenti “Hural”, kirillisa elipbiýiniň ulanylmagyny kepillendirýän we köne mongol ýazuwyny mekdep meýilnamasyna girizýän kanun kabul etdi.
– Kirillisa elipbiýini ulanmak bilen, 90 ýyllyk taryhymyzy öwrenýäris. Köne mongol ýazuwy bolsa, müňýyllyklardan gaýdýan medeniýetimizi öwrenmäge mümkinçilik berer – diýip, Mongol döwlet uniwersitetiniň mongol dili boýunça barlaglaryň müdiri Dalaýn Zaýabaatar aýtdy.