Täze ýyl baýramçylygynda öýler bezelýär, dogan-garyndaşlar gutlanýar, maşgala agzalary bir saçagyň başynda agzybirlikde wagt geçirýärler. Täze ýylyň beýleki baýramlardan esasy tapawudy adamlaryň öýlerini bezemekleridir. Eýsem, öýleri ýönekeý zatlardan peýdalanyp hem bezäp bolarmyka? Elbetde. Munuň üçin arça gozalary, könelen eşikleriňiziň ilikleri, agaç ýapraklary, pamyk ýaly zatlardan hem peýdalanyp bilersiňiz!
Geliň, ilki bilen kiçijik arça ýasalyň! Munuň üçin 10–12 sany dürli ululykdaky ilikler, ýyldyzjyk, 3-4 sany meňzeş ilik, iňňe-sapak gerek.
Iňňäniň kömegi bilen, düwmeleri ýogyn ýaşyl sapak bilen berkidiň! Sapaga ilki ýyldyzjygy, soňra kiçi düwmeden has ulusyna çenli we iň soňunda birmeňzeş ululykdaky düwmeleri berkidiň. Sapagy iligiň ikinji deşiginden yzlygyna geçiriň. Ony berkidip asmak üçin sähelçe ýüp goýuň. Ine-de, kiçijik arçamyz taýýar boldy. Muny Täze ýyl arçasynyň şahalaryny bezemek üçin hem ulanyp bilersiňiz.
Doňdurma taýaklary hem dürli oýnawaçlary ýasamak üçin iň köp peýdalanylýan zatlaryň biri hasaplanýar. Eger siz hem howanyň yssy wagty iýen doňdurmalaryňyzyň taýajyklaryny ýygnap goýan bolsaňyz, olardan dürli jäjekleri ýasap bilersiňiz. Munuň üçin birnäçe doňdurma taýajygy, reňkleýji serişdeler, pamyk we ýelim gerek. Mundan başga-da, bezeg üçin dürli reňkli daş, düwme, sapak ýaly zatlary ulanyp bilersiňiz.
Ilki, ýelimiň kömegi bilen taýajyklardan üçburçluk ýasaň we ony ýaşyla reňkläň. Agajyň sütünini agajyň şahajygyndan, goňur kagyzdan ýa-da mata bölejiginden ýasap bilersiňiz! Soňra agaç taýajyklaryny islegiňize görä bezäň! Arçanyň üçburçluk görnüşli ýerine ýaşyl sapak sarasaňyz ol has owadan we galyň görner.
Doňdurma taýajyklaryndan başgaçarak arça hem ýasap bilersiňiz! Munuň üçin goňur taýagyň üstüne kiçiden ula keseligine ýaşyl taýajyklary ýelimläň. Ony monjuk, ilik we pamykdan edilen topjagazlar bilen bezäp bilersiňiz!
Bu bezegleri çagalaryňyz bilen bilelikde ýerine ýetirseňiz, olaryň ukyplaryny artdyrmaga kömek edersiňiz.
Täze ýylyňyz gutly bolsun!