Britan alymlary “kernowit” diýlip at berlen täze mineraly tapdylar. Ol Angliýanyň Kornoul graflygynyň adyny göterip, takmynan, 220 ýyl mundan ozal gazylyp alnypdyr.  Zümerret reňkli kernowiti birbada seýrek duş gelýän lirokonitdir öýdüpdiler. Ýöne uzak wagtlap geçirilen barlaglardan soň, hünärmenler onuň hakykatdan hem özboluşly mineraldygyna göz ýetiripdirler. Bu açyş Halkara mineralogiýa birleşigi tarapyndan tassyklandy.

Bu mineral 1790-njy ýyldan 1909-njy ýyla çenli işlän Wil-Gorland käninden gazylyp alyndy.