24-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasy bilen ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Döwlet kitaphanalarynyň hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärleriniň arassynda tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat geçirildi. Maslahatda kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.
Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işgärleriniň arasynda usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga kömek edýän bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar. Foruma gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändikleri barada pikirlerini aýtdylar.