23-nji dekabrda Mejlisiň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdy. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.
Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda intellektual ulgam, ylmy taýdan esaslandyrylan jemgyýetçilik-syýasy barlaglary goldamak, gender deňligi meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, dürli ulgamlarda zenanlaryň oňyn başlangyçlaryny höweslendirmek bar.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini» iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl parahatçylygy üpjün etmekde we goldamakda zenanlaryň eýeleýän möhüm orny ilkinji gezek berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň kabul edilen gününe 20 ýyl hem-de «BMG-zenanlar» düzüminiň döredilen gününe 10 ýyl doldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň zenanlara raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemme gerimini kepillendirýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlaryň işjeň gatnaşmagyna hem-de bilim derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler görülýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine ýokary baha berip, sebit we umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy babatda pikirlerini aýtdylar.
***
22-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň (JBIС) baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary ösüş depginini nygtadylar. Gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýardam edýän iki ýurduň Baştutanlarynyň işjeň gepleşikleri hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy bellenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi hem-de Türkmenistanyň çägindäki iri möçberli taslamalaryň, şol sanda Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynyň, Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodyň hem-de Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) zawodyň ulanylmaga berilmegine ýapon tarapynyň gatnaşandygy barada aýdyldy. Şeýle hem ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň dowam edýändigi nygtalyp geçildi. Mundan başga-da, taraplar durmuşa geçirilýän taslamalar bilen bir hatarda, gazhimiýa, ulag we oba hojalyk ugurlary boýunça bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garadylar.
Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagy baradaky meselä geçip, taraplar hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Tokioda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasyndaky infrastruktura ulgamy boýunça özara hyzmatdaşlyk barada Ähtnamanyň ähmiýetini bellediler. Hyzmatdaşlygyň geljekki tapgyrlary barada işjeň pikir alşyldy. Ýapon tarapynyň häzirki zaman ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda maýa goýum hereketlerini amala aşyrmaga bolan gyzyklanmasy beýan edildi.