Gyş paslynda howanyň sowuklygy, ýagynlylygy we üýtgäp durmagy bilen möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine sebäp bolýar. Bu döwürde sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň çagalaryna keselleriň öňüni almaga degişli maslahatlary, şol sanda arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmekligini gazanmaklary uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli beden synalaryny düýpli gowşadyp, immunitetiňi pese düşürip bilýär. Bu wiruslar näsag adamdan howa-damja ýollary, wirus ýokuşan elleriň, hapa zatlaryň üsti bilen geçip bilýär. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly, köpçülik ýerlerine barmaly däl.
Şeýle ýagdaýda öz-özüňi bejermeklige ýol bermeli däldir. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Derman serişdelerini, esasan-da, antibakterial derman serişdelerini lukman bilen maslahatlaşman kabul etmeli däl, olary özbaşdak ulanmaklyk birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň peselmegine getirer.
Ýaşaýyş we iş otaglaryny ýygy-ýygydan çygly zyýansyzlandyryş serişdeleri arkaly arassalamaly, mebelleriň üstüni süpürmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli.
Milli tagamymyz bolan gyzyl burçly unaş hem saglygymyza peýdalydyr. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, peýdaly maddalar adamyň bedeninde kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Gyzyl burçuň düzüminde alkaloidler, efir ýaglary, şeker, С, A, B, P we PP witaminleri bar. Gyzyl burç gan damarlaryny arassalaýar, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar, agyryny köşeşdirýär, iýmitiň siňmegini ýeňilleşdirýär. Ýiti tagamy we ysy bolan sarymsagyň düzüminde dürli ýokanç keselleri döredijileri gyryjy maddalar saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhem çaýlary, narpyzyň, ýandagyň, çopantelpegiň, buýan köküniň, injir ýapragynyň demlemesini peýdaly içgiler hökmünde ulanmak maslahat berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny berkitmek üçin ähli şertler döredilen. Saglygy gorap saklamak üçin bolsa, her bir adamynyň şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny asla unutmaly däldiris!
Atadurdy Bäşimow,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Kelle we boýun çiş keselleri bölüminiň
uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.