Hormatly Prezidentimiz türkmen döwletiniň ähli taraplaýyn kuwwatyny mundan beýläk hem berkitmekde, onuň abraýyny ýokarlandyrmakda beden we ruhy taýdan ösen, giň dünýägaraýyşly, maksadaokgunly, dünýä biliminiň we ylmynyň gazananlaryndan habarly hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar. Şeýle hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň anyk wezipelerini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, orta mekdeplerde, başlangyç we orta hünärmen mekdeplerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwretmek barada, dilleri dil biliminiň we ylmynyň iň täze gazananlaryny esasynda döwrebap, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagy ündeýär. Daşary ýurt dili dersi okuwçylaryň bilimlerine, umumy dünýägaraýşyna, pikirlenişiň ösüşine we giňelmegine mynasyp goşant goşmalydyr. Daşary ýurt dillerini özleşdirmek döwri okuwçylara, talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmeklik şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döretmelidir.

Dil adamzat döräli bäri örän möhüm, has nepis we kämil aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edip gelipdir. Dili hasyl edýän serişdelere dil birlikleri diýlip, olara fonemalar, morfemalar, sözler, söz düzümleri we sözlemler girýär.

Dil öwrenmek ylym-bilim durmuşynda gaty derwaýys hasaplanýar. Bir dil öwrenmek ol dildäki ähli maglumatlaryň gapysynyň saňa açylmagy diýmekdir. “Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam”, “Dil bilen dünýäni gezer” diýen ýaly parasatly jümleler ýöne ýere aýdylan däldir. Islendik daşary ýurt dilini bilmek diňe bir şol dilde gepleşýänler bilen düşünişmäge mümkinçilik döretmän, eýsem, ol täze bir medeniýeti hem öwredýär. Sebäbi, “Dil öwrenilmeýär, medeniýet öwrenilýär” diýlen düşünje bar. Bu hakykatdan hem şeýle. Islendik milletiň dili öwrenilende, şol milletiň däp-dessurlary, medeniýeti, aşhanasy, ýurdunyň tebigaty hem öwrenilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek belli başarnyklary we endikleri kemala getirýär.

Ösýän dünýä şertlerinde dürli hünär ugurlar boýunça bilim alýan talyplaryň öz hünärlerine ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerinde daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan islendik hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsyzdyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwrebap bilim almaga, ylym bilen yzygiderli meşgullanmaga, okamaga, öwrenmäge, döretmäge ähli şertler döredilendir. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik başlangyçlary rowaç bolsun!

Oguljennet Begliýewa,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.