“Milanyň” şwesiýaly super ýyldyzy Zlatan Ibrahimowiç ýene bir täsin hereketi bilen köpleriň ünsüni özüne çekdi. Geçirýän gollarynyň daşynda özüniň şahsy durmuşy bilen, hemişe diýen ýaly berýan beýanatlary, edýän käbir hereketleri bilen elmydama üns merkezde bolan Ibrahimowiç özüne täsin sowgat aldy. Dagda, tokaýda gezmegi hem-de balyk tutmagy halaýan Ibrahimowiç özi üçin tokaý satyn aldy. Ol tokaý Şwesiýa bilen Norwegiýanyň serhetleşýän ýeriniň golaýynda bolup, onuň tutýan meýdany 1000 gektara barabardyr. Şwesiýaly futbolçy bu tokaýy satyn almak üçin 3 million ýewro harçlady. Bu barada italýan sport gazetleri habar berýär. Ibrahimowiç satyn alan tokaýynda balyk tutmagy hem-de gar ulaglary bilen gezelenç etmegi göz öňünde tutýar diýip, habarda bellenilýär.