Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

1937 – Angliýaly futbolçy, meşhur derwezeçi, Dünýä Kubogynyň eýesi Gordon Banks dünýä inýär.

1946 – Germaniýaly futbolçy, meşhur tälimçi Berti Wogts dünýä inýär.

1972 – Nigeriýaly futbolçy Daniel Amokaçi dünýä inýär.

1975 – Amerikaly golfçy, 15 uly bäsleşigiň ýeňijisi Taýger Wuds dünýä inýär.

1975 – “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna ukrainaly futbolçy Oleg Blohin (“Dinamo Kiýew”) laýyk görülýär.

1977 – Amerikaly boksçy, rowaýaty Muhammad Aliniň gyzy Laila Ali dünýä inýär.

1980 – “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna germaniýaly futbolçy Karl-Haýns Rummenigge (“Bawariýa”) laýyk görülýär.

1984 – Amerikaly basketbolçy, NBA-nyň 4 gezek çempiony, Olimpiýa altyn medalynyň eýesi super ýyldyz LeBron Jeýms dünýä inýär.

1986 – “France Football” žurnalynyň abraýly “Ballon d’Or” baýragyna ukrainaly futbolçy Igor Belanow (“Dinamo Kiýew”) laýyk görülýär.