Ar­ça Ýer ýü­zün­de iň köp ýaý­ran agaç­la­ryň biri ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li to­kaý­la­ryň köp bö­le­gi­ni ar­ça­lyk­lar eme­le ge­tir­ýär.
Çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan bu agaç­lar di­ňe ho­wa­ny däl, top­ra­gy hem dan­na­ma­ýar.
Ar­ça­nyň kö­pü­si 100-200 ýyl ara­ly­gyn­da ýa­şa­ýar, ýöne olaryň müň ýy­la çen­li ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem bar.
Ar­ça­nyň go­za­la­ryn­da köp muk­dar­da to­hum bo­lan­soň ola­ry gys­ga wagt­da kö­pel­dip bol­ýar. Bu go­za­lar­da­ky to­hum­lar guş­lar we beý­le­ki jan­ly jan­dar­lar üçin iý­mit çeş­me­si bo­lup, ekoulg­am­yň hem esa­sy hal­ka­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ar­ça­nyň kä­bir gör­nü­şin­den şep­bik alyn­ýar.
Beý­le­ki bir­nä­çe ösüm­likler ýa­ly ar­ça hem sag­ly­gy go­ra­ýyş se­na­ga­tyn­da peý­da­la­nyl­ýar.
Ar­ça kos­me­ti­ka se­na­ga­tyn­da atyr ön­dür­mek üçin peý­da­la­nyl­ýar. Ar­ça­nyň pür­le­ri­niň ýa­kym­ly ysy bol­ýar.
He­mi­şe ýa­şyl öw­süp otu­ran ar­ça­nyň pür­le­ri di­ňe kis­lo­rod ön­dür­män, eý­sem ho­wa­da­ky to­zan zer­re­jik­le­ri­ni hem özü­ne çek­ýär. Şeý­le­lik­de, arça ho­wa­ny aras­sa­lap, adam sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Uly göw­rüm­li bir düýp ar­ça­nyň ýyl­da 100 ki­log­ra­ma ba­ra­bar to­za­ny özü­ne çek­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Şol muk­dar­da hem kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ýar.