Bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de be­dew ba­dy bi­len ok­gun­ly öňe bar­ýan Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da yn­san sag­ly­gy ba­ra­da edil­ýän ala­da­lar örän ulu­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da bel­leý­şi ýa­ly, sag­lyk jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len, döw­le­tiň ösü­şi­niň esa­sy kes­git­leý­ji­si hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Şo­nuň üçi­n hormatly Prezidentimiz bu ul­ga­my bar­ha kä­mil­leş­dir­mek, onuň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­le­ri ama­la aşyr­ýar. Döwlet Baştutanymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp ki­tap­dan yba­rat yl­my-en­sik­lo­pe­di­ki işi dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edi­len aja­ýyp iş bol­dy. Halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýan ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni yl­my esas­da açyp görkez­ýän bu uly yl­my iş alym Arka­dagymyzyň öz hal­ky­na eden uly peş­ge­şi bol­dy.
Türk­men top­ra­gy – ke­rem­li top­rak. Gü­neş­li ül­kä­miz – dür­li ösüm­lik­le­re, şol san­da der­man­lyk ösüm­lik­le­re hem baý ýurt. Bu ösüm­lik­ler hiç zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak der­man­lyk se­riş­de ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de der­manlyk ösüm­lik­le­ri­ ulan­mak möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ka­ka­dy­lan erik çaý­a aty­lyp, go­wy de­mi­ni ala­nyn­dan soň içil­se, ýü­re­ga­gy­ra peýdalydyr. Şet­da­ly­nyň, al­ma­nyň, ar­my­dyň, ül­je­dir ga­ra­ly­nyň, na­ryň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri­ni bi­le­si­ňiz gel­ýär­mi?! Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň­dyr ene-ma­ma­la­ry­my­zyň tom­suň jok­ra­ma ys­sy­syn­da ýo­la ug­ra­jak ýo­lag­ça «Ýol­çu­lyk­dyr, Gün da­gy uraý­sa, iç­geç­mä­niň bi­re-bir emi­dir» di­ýip, nar ga­by­gy­ny ýa-da üzär­li­giň dä­ne­si­ni dü­wün­çe­ge dü­wüp, ýa­ny bi­len be­rip goýber­ýän­di­gi­ni kö­pimiz bil­ýä­ris.
Türk­men top­ra­gyn­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 2 müň­den gow­rak gör­nü­şi mil­li te­bip­çi­lik­de we halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Ola­ryň gü­lü­ni­, ýap­ra­gy­ny­, bal­da­gy­ny­, pyn­ty­gy­ny­, ga­by­gy­ny­, dä­ne­si­ni­, kö­kü­ni­, kö­sü­gi­ni­ haý­sy ke­sel­de ulan­ma­ly? Şeý­le hem, luk­man­çy­lyk­da ula­nyl­ýan ösüm­lik­le­riň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gör­nüş­le­ri, ös­ýän ýer­le­ri we te­bi­gy go­ry, hi­mi­ki dü­zü­mi, luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de ula­ny­lyş ta­ry­hy, ýyg­na­ly­şy­nyň möh­let­le­ri we usul­la­ry, ola­ry sak­la­ma­gyň düz­gün­le­ri, der­man taý­ýar­la­ny­ly­şy we ula­ny­ly­şy ba­ra­da peý­da­ly mag­lu­mat­la­ry döw­let Baştuta­nymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­di­k ki­ta­byn­dan anyk jo­gap­la­ry ta­par­sy­ňyz.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ki­ta­by­nyň XII jil­di­niň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 25 ýyl­lyk to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da bel­le­nip ge­çil­ýän aja­ýyp hü­när baý­ram­çy­ly­gy – Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­ni baý­ram­çy­ly­gynyň do­wam ed­ýän gün­le­rin­de eli­mi­ze go­wuş­ma­gy go­şa şat­lyk bol­dy. On­da mil­li luk­man­çy­lyk mi­ra­sy, şol san­da onuň bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýur­du­myz­da ös­ýän der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 120 sa­ny­sy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Ki­tap 2 bap­dan: der­man­lyk ösüm­lik­le­riň hä­si­ýet­na­ma­syn­dan we mag­lu­ma­tyn­dan yba­rat. Melhemler hazynasy hökmünde lukmanlar üçin hem wajyp bolan bu gymmatly kitap, ýur­du­my­zyň der­man se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ýol gör­ke­zi­ji gol­lan­ma bo­lup hyz­mat ed­ýär. Ki­tap­da­ky mag­lu­mat­la­ryň sa­da, düş­nük­li dil­de tes­wir­len­me­gi onuň giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ni­ýet­le­nen­di­gi­ni gör­kez­ýär. Hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu aja­ýyp ki­ta­by mil­li türk­men fi­to­te­ra­pi­ýa­sy­nyň en­sik­lo­pe­di­ýa­sy di­ýen be­lent de­re­jä my­na­syp yl­my iş­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 25-nji de­kabr­da ge­çir­ilen san­ly wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de dün­ýä­de giň­den ýaý­ran ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­na gar­şy gö­reş­mek bi­len bag­ly me­se­le­le­re ün­si çek­di we dün­ýä­niň alym­la­rynyň bu howp­ly ýo­kan­ja gar­şy ne­ti­je­li se­riş­de­le­ri göz­läp, köp san­ly bar­lag­la­ry ge­çir­ýändigini aýt­dy hem-de şu me­se­le­de bu­ýan kö­kü­niň şol se­riş­de­le­riň bi­ri bo­lup bil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly ki­ta­by­nyň jilt­le­ri­niň bi­rin­de bu­ýan kö­kü­niň hä­si­ýe­ti, bio­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ we hi­mi­ki dü­zü­mi giň­den be­ýan edil­ýär. Bu­ýan kö­kü­ni ata-ba­ba­la­ry­myz dür­li dert­ler­de, oza­ly bi­len, üs­gü­le­wük­de, ýo­kar­ky dem alyş ýol­la­ry­nyň ke­sel­le­rin­de ne­ti­je­li ula­nyp­dyr­lar.
Alym­lar bu ösüm­lik­dä­ki iş­jeň mad­da bo­lan gli­sir­ri­zin tur­şu­sy­nyň hä­zir­ki dö­wür­de bü­tin dün­ýä bo­lup gar­şy­sy­na gö­re­şil­ýän tä­ze ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu­ýan kö­kü­niň şi­re­si­niň az muk­da­ry hem bu ýo­kan­jy ýok et­mek­de go­wy peý­da ber­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi hormatly Prezidentimiziň türk­men top­ra­gy­nyň hiç zat bi­len çal­şyp bol­ma­jak der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ba­ra­da­ky bu ki­ta­by­nyň bi­rin­ji jil­di­ni 11 ýyl mun­dan ozal – 2009-njy ýyl­da ser­paý alyp­dy­lar.
Biz jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri hormatly Prezidentimiziň gym­mat­ly ki­tap­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry­ny yzy­gi­der­li gu­ra­ýa­rys. Eziz hal­ky­my­za dün­ýä ki­tap­la­ry­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na go­şul­jak şu­nuň ýa­ly gym­mat­ly ser­paý­la­ry ýap­ýan, sag­lyk ba­bat­da bi­möç­ber iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän hormatly Pre­zi­dentimiziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, ga­la­my­nyň ýi­ti bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Ju­ma­gül Ho­ja­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Da­şo­guz we­la­ýat bir­leş­me­si­niň pu­dak­lar bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­jy­sy, Türk­me­nis­ta­nyň us­sat mu­gal­ly­my.