Müçe ýyl hasaby gündogar halklaryna häsiýetli bolup, adamlaryň ýaşyny kesgitlemek, taryhy wakalaryň senesini anyklamak, galyberse-de, indiki ýyllaryň howa çaklamasyny bermek üçin ulanylypdyr. On iki ýyl bir müçe diýip kabul edilipdir. Müçe ýyl hasabynyň dxrli halklaryň durmuşyna ornaşmagyna «Beýik ýüpek ýoly» täsir edendir.
Ýyl atlaryny ýatda saklamak üçin ulanylýan şu aşakdaky sanawaç türkmenleriň arasynda juda meşhurdyr:
«Ýyl başy syçan, sygyr, bars, towşan, luw, ýylan.
Ýylky, koý, bijin takyk, it, doňuz – boldy tamam».
Bularyň altysy öý haýwany, altysy ýabany jandarlardyr.
Sowuk ýurtlarda çarwa öýleriniň gapysy günorta tarapda goýulýar, bu ýagdaý demirgazyk tarapyň çapgyn aýazlaryndan we ýellerinden goranmak üçin edilýär. Goýna degişli şekil öýüň günorta-gündogarynda, ýagny gapynyň çep tarapynda asylyp goýulýar. Törde köplenç owlak-guzular saklanýar. Ýylky (at) çarwa öýüniň öňünde saklanyp, onuň şekili gapynyň iç ýüzünde, gös-göni günortada ýerleşdirilýär.
Garaşylýan Sygyr ýylynyň taryhy barada ylmy edebiýatlarda şeýle maglumatlar berilýär: Gadymy türki halklarynda Sygyr ýyly Öküz ýyly diýip hem atlandyrylypdyr. Öküz – mert we güýçli jandar. Daş asyry döwründe awçylar öz gowaklarynyň girelgesine ýabany öküzleriň kelleçanagyny asyp bezäpdirler. Ilkidurmuş adamlary öküze aýratyn üns beripdirler. Günorta Türkmenistanda neolit döwrüne degişli ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende, öküziň toýundan ýasalan heýkeljikleri tapylypdyr. Olar şeýle hem Çagyldepe, Pessejikdepe we Çakmakly depe obalarynda duş gelipdir. Arheologlaryň pikirine görä, bu heýkeljikleriň hasyllylyk medeniýetine göni gatnaşygy bolup, olar süriniň köpeldilmegi pikiri bilen hem baglanyşyklydyr.
Altyndepede (B.e öňki III-II müňýyllykda) goşmaça şahly we gulakly, ululygy 7,5 sm bolan öküziň altyndan ýasalan kellesi tapylypdyr. Onuň maňlaýynda we gözlerinde gymmat bahaly daşlar oturdylypdyr. Bu ýerde öküziň Aý bilen baglanşygy hakynda gürrüň edilýär. Şonuň üçin hem maňlaýyndaky gymmatly daşda Aý şekillendirilipdir. Muňa Mesopotamiýa däplerinde hem duş gelmek bolýar.
Bürünç asyrynda Aý hudaýy – öküziň medeniýeti bütin Günorta Türkmenistana ýaýrapdyr. Bu barada Garadepede (b.e.öňki III müňýyllyk) tapylan mermer şekilli hekden ýasalan öküz heýkeljigi hem şaýatlyk edýär. Şeýle hem Murgap derýasynyň gadymy şahalarynyň biri bolan Margiananyň ýerinde – Togalak-21 ybadathanasynyň harabalyklaryndan, öküziň kellesi şekilinde kiçijik heýkel tapylypdyr. Bu heýkeljigiň şahy we gulaklary ýok, ýöne onuň ýerinde deşijekleriň bolmagy, olaryň aýratyn dakylýandygyny we olaryň gymmatbaha metaldan ýa-da altyndan ýasalandygyny subut edýär. Mesopotamiýa garanyňda günorta Türkmenistan öküzleriň şekilleri ýasalyş häsiýeti we daşky görnüşi taýdan örän tapawutlanýar.
Türki halklaryň aglaba böleginde öküz dünýä akyl ýetirmegiň daýanjy bolupdyr. Öküz şahlarynyň üstünde Ýeri saklaýar diýip hasaplapdyrlar. Käwagtlar ol ýadap Ýeri bir şahyndan beýleki şahyna geçirýär, şonuň üçin hem ýer titremeleri bolup geçýär diýip hasaplapdyrlar.
Türkmenler öküzler baradaky garaýyşlaryny zenanlaryň bezeg şaý-seplerine geçirmek arkaly saklap galypdyrlar. Görnüşi ýaly, öküziň ady türkmen gelin-gyzlarynyň «bukaw» atly bezeginde saklanyp galypdyr.
Öküz medeniýetiniň gadymy yzlary «Oguznama» eserinde hem saklanyp galypdyr. Oguzlaryň 24 taýpasy öz arasynda sadaka berilýän öküziň etini paýlaşypdyrlar. Türkmenleriň arasynda bu taýpalaryň oňony bolan öküziň, sygryň we göläniň atlary hem saklanyp galypdyr.
Sygyrlaryň hem ýaşyna görä atlandyrylyşy bolup, bir ýaşa çenlisine göle, tana, bir ýaşdan iki ýaşa çenlisine gulajyn, üç ýaşdan dört ýaşa çenlisine hem tüwe (bu söz jynsy hem aňladýar) diýilýär.
Täze ýylyň ilkinji güni hepdäniň anna gününden başlanýar. Halkymyzyň hijri-kamary senenamasynyň esasynda aýlaryň içinde Oraza, günleriň içinde anna (juma) gününe uly hormat goýmak däbi bar.
Goý, 2021-nji ýyl ýurdumyza, ilimize, her bir maşgala ojagyna rysgal-döwlet, bagt getirsin!
Merjen Hudaýberdiýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiyalary institutynyň mugallymy.